MAKALA

Taryhy wakalara bagyşlanan maslahatlar

Düýn Türkmenistanyň Serhet institutynda dabaraly maslahatlara giň orun berildi. Şol çäreleriň biri «Dal bedewler halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz türkmen alabaýlary» diýip atlandyryldy. Maslahatda milli baýlyklarymyz — ahalateke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz barada çuňňur manyly hem täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler ahalteke bedewlerimiziň, türkmen alabaýlarymyzyň gelip çykyş taryhy, türkmen halkynyň durmuşynda olaryň eýeleýän orny, bagtyýar eýýamda milli Liderimiziň hut özüniň görelde bolmagynda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň, seýisçilik sungatynyň ösüşi, türkmen atlarynyň hem alabaý itleriniň gadymy tohumyny gorap saklamakda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Şeýle-de bu maslahat ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmegine bagyşlanan çykyşlar bilen dowam etdirildi. Maslahata ýurdumyzyň meşhur syýasy synçylary, şeýle hem serhetçi harby gullukçylar gatnaşdylar. Maslahatda milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan döwletli işler, döwletimizi, jemgyýetimizi has-da çuň demokratiýalaşdyrmakda ýurdumyzda döredilen Mejlisi hem-de Halk Maslahaty öz içine alýan iki palataly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ähmiýeti dogrusynda çykyşylar guraldy. Şol çykyşlarda halkyň ýaşaýyş-durmuş derjesini ýokarlandyrmakda amal edilýän bu taryhy işleriň salgylanýan ugurlary birin-birin düşündirilip geçildi.

Maslahatlaryň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 42
  • 16.04.2021