MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

Döwletiň çägindäki salgytlar we olaryň görnüşleri

 

Horasanda ýaşaýan türkmen taýpalary döwlete ýaşaýyş öýleriniň ýa-da jaýlarynyň sanyna görä salgyt töläpdirler. Her bir taýpanyň özüniň tagmasy, öri meýdanlary bolupdyr. Öri meýdanlary üçin salgyt 100 ene maldan biri (käte pul bilen) alnypdyr. Gündogar Seljuk imperiýasynda ekerançylyk bilen meşgullanýanlaryň köpüsi hyraç we hüşür görnüşinde girdejiniň ondan birini töläpdirler. Salgytlar jykyr bilen suwarylýan ýerlerden hem alnypdyr. Salgyt töleýjiler iri baýlar hem-de baý daýhanlar bolupdyr. Mülk eýeleri bolup durýan iri ýer eýelerini salgytdan boşadypdyrlar. Din wekilleri, seýitler, hojalar, şyhlar salgyt ýeňilliginden peýdalanypdyrlar.

Bu döwletde hereket edýän esasy salgytlaryň biri, hasyldan alynýan hyraç bolupdyr. Bu VII asyrda araplaryň Merkezi Aziýa gelmekleri bilen girizilen esasy salgyt hasaplanylypdyr. Ýöne ol salgydyň görnüşleri XI-XII asyrlara çenli ençeme gezek üýtgäpdir. Beýik Seljuk türkmen döwletinde esasy hasyl salgydy bolan hyrajyň üç görnüşi hereket edipdir:

1. Ýeriň ölçeginde tölenilýän salgyt;

2. Hasyllylygyň möçberine bagly bolan salgyt (mukasama);

3. Hasyldan berilýän hemişelik salgyt (mukata).

Salgydyň mukata görnüşi, esasan, Mawerennahr welaýatynda hereket edipdir. Bu welaýat Amyderýa bilen Syrderýa aralygynda ýerleşendigi üçin, bol suwly, mes toprakly ýerlere baý bolupdyr. Umuman, şerigat tarapyndan kesgitlenilen salgytlar (rusum) hem-de adatdan daşary salgytlar (kysmat) girizilipdir. Salgytlar, adatça, önüm hem-de nagt pul, käte garyşyk görnüşinde alnypdyr. Pul görnüşinde alynýan esasy salgyda «mal» diýip at berlipdir. Degişli alymlar «maliýe» adalgasynyň hem pul görnüşinde alynýan esasy salgyt bolan «mal» sözünden gelip çykandygyny belleýärler. Döwletiň çäginde giň ýaýran salgytlaryň biri-de, «mu-amala» bolupdyr. Ol, esasan, döwlet eýeçiligindäki hem-de şa mülkündäki ýerlerden alnypdyr. Salgydy esasy töleýjiler daýhanlar bolupdyr. Olaryň umumy eýeçiliginde ýer we suw bolup, az ýerli ýa-da ýersiz daýhanlar şa mülkünde, hususy hem-de wakf ýerlerde zähmet çekipdirler.

Şeýle-de daýhanlar kärende görnüşindäki ýerlerde işläpdirler. Şol daýhanlara «barzigarlar» diýip at beripdirler. Ýokardaky sanalan salgytlardan başga-da, daýhanlar köşgi saklamak üçin dürli salgytlary ýa-da sylag-peşgeş hökmünde «nezir» töläpdirler. Iktalaryň eýelerine tölenýän salgyt hem köp bolupdyr. Bu maglumatlardan görnüşi ýaly, Beýik Seljuk türkmen döwletinde eýeçilige görä, salgytlaryň dürli görnüşleri tölenilipdir.

Beýik Seljuk türkmen döwletinde salgyt diwany kämil derejede bolupdyr. Döwletiň girdeji we çykdajy hasabyny, salgyt kadalaryny ýörite diwan-istifa alyp barypdyr. Onuň ýolbaşçysyna mustaufy diýip at berlipdir. Her bir welaýatda hyrajyň ýygylyş düzgün-kadasy bolupdyr. Istifa diwanynda salgytlaryň sanawy, algy-bergileriň hasaby ýöredilipdir. Mustaufy üzülmän galan salgyt ýüze çyksa, töleýjiniň emlägini ýa-da hasylyny hasaplap, ony döwletiň hasabyna geçirip bilipdir. Gönüden-göni salgyt almak bilen, ähli ýerde bellenilen wezipeli adam — amil meşgullanypdyr. Salgytlaryň esasy görnüşi hyraç, zekat bolupdyr. Hüşür jykyr bilen suwarylýan we düme ekilýän ýerleriň hasylynyň ondan biridir. Käbir tireler her bir öýüň sanyndan ugur alyp, döwlete salgyt töläpdir. Tireleriň özüniň çägini alamatlandyrýan öz belligi bolupdyr. Käbirleri öri meýdandan salgyt töläpdir. Şol salgyt mal sürüsinden alnypdyr, ýagny maldarçylyk ýurtlarda şeýle edilipdir. Zekadyň möçberi käbir awtorlaryň aýtmagyna görä, 5 maldan biri tölenip, her bir düýeden bir geçi, 10 — 14 düýä çenli bolsa 2 geçi, 25 — 30 düýeden 1 düýe, 40 sany geçiden we goýundan 1 geçi ýa-da goýnuň 120 — 200 baş sanyndan 2 geçi ýa-da goýun, her 1 atdan gyzyl pul bolan bir dinar alnypdyr.

Taryhçy alym S.Agajanow Beýik Seljuk türkmen döwletinde alnyp barlan salgyt ulgamyny bu döwletden öň dowam eden Gaznaly türkmen döwleti bilen deňeşdirýär. Awtoryň bellemegine görä, Gaznaly türkmen döwletinde mallardan alynýan zekat salgydynyň möçberi birneme köpräk bolupdyr. Bu barada döwletiň taryhyny ýazan belli taryhçy Baýhaky hem öz işinde belläp geçýär. Taryh ylmynda Beýik Seljuk türkmen döwletiniň Horasan, Horezm welaýatlarynyň maldarçylygy we ekerançylygy barada juda köp maglumatlara duşmak bolýar. Ýöne bu döwletiň çet ülkeleriniň maldarçylygy we ekerançylygy baradaky maglumatlar, olardaky hereket eden salgyt ulgamy baradaky maglumatlar dürli-dürli bolmagynda galýar.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 40
  • 16.04.2021