MAKALA

Aşgabadyň ilkinji bilim ojaklary

                                                                                                                                                      «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

«Gündogaryň merjeni» diýen ady buýsanç bilen göterýän ak şäherimiz Aşgabadyň ýeten belent derejesi ýurdumyzyň berkararlygyny, rowaçlygyny we abadançylygyny şöhlelendirýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gysga döwrüň içinde halkara ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp köşkleriň, kaşaň binalaryň, belent ymaratlaryň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlarynyň, ylym-bilimiň we medeniýetiň merkezine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz «Görmäge göz, wasp etmäge söz gerek» diýilýän şähere öwrüldi. Şeýle ajaýyp paýtagtymyzy söýüp, oňa aýratyn hormat goýýan milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belläp geçmek baradaky teklibi bolsa tutuş halkymyzyň paýtagtymyza bolan buýsanjyny has hem artdyrdy.

Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan Aşgabat şäheriniň taryhy ilkinji ekarançylygyň ýüze çykan ýeri bolan Jeýtun medeniýetinden başlap, dünýä taryhynda uly orun eýelän Beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäheriniň geçmişi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Gadymy Nusaýyň taryhy tapyndylary bu sebitde ylmyň dürli ugurlar boýunça ösendigini subut edýär. Beýik Parfiýanyň paýtagty hökmünde tanalan Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de taryhyň dürli döwürlerinde birnäçe döwletiň medeni ösüşine ojaklyk eden Günorta Türkmenistan Beýik Seljuk döwleti bilen Köneürgenç türkmenlerinde hem ähmiýetli orna eýe bolupdyr.

1881-nji ýylda Zakaspiý ülkesi patyşa Russiýasyna birikdirilenden soňra, Ashabad (Aşgabat) şäheri onuň dolandyryş we ykdysady merkezi edilip saýlanýar. Taryhy çeşmelerde hem beýan edilişi ýaly, şol wagtlar Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan Ashabad atly dury çeşmäniň başynda ýerleşen Ashabad obasy 800 öýden ybarat oturymly ýaşaýyş ýeri bolupdyr. Ilki-ilkiler Ashabad obasynda emele gelen täze şäheriň köçeleri dar, egrem-bugram, hatda tegelenip gidýän görnüşlerde bolupdyr. Obanyň bir gapdaly giň meýdana baryp diräpdir. Şol ýerde her gün diýen ýaly, esgerler garawul nyzamynda durup, barmaly ýerlerine ugradylypdyr, kähalatlarda harby okuwlar we ýörişler hem geçirilipdir. Aşgabadyň ösmegi we has-da giňelmegi, ilat sanynyň artmagy 1885-nji ýyldan, ýagny bu ýere Zakaspiý demir ýolunyň çekilmegi bilen başlanýar. Şol wagta çenli şäherde esasan hem iki köçe — Serkerdeler (Офицерская) we Kuropatkinskaýa (Куропаткинская) köçeleri bolupdyr. Serkerdeler köçesiniň ugrunda harby dolandyryşyň serkerdeleridir harby gullukçylary ýaşapdyr we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçe hasaplanypdyr. 1881-nji ýylda patyşa Russiýasynyň harby birikmesiniň düşelgesi hökmünde gurlup başlanan Aşgabadyň ilaty 1884-nji ýylda 4 müň adamdan ybarat bolan bolsa, 1892-nji ýylda 13 müň adama, 1897-nji ýylda bolsa 19426 adama ýetipdir. Elbetde, şäheriň has hem ulalmagy we ilat sanynyň artmagy bilen bu ýerde medeni ojaklar, muzeý we kitaphanalar, şeýle-de bilim berýän mekdepler hem peýda bolup başlaýar. Aşgabadyň ilkinji bilim ojaklary bilen baglanyşykly maglumatlar şol döwürlerde rus dilinde çap edilen ilkinji neşirlerde — «Zakaspiýskoýe obozreniýe» («Закаспийское обозрение») we «Ashabad» («Асхабад») atly gazetlerde berlipdir. Şol gazetleriň ikisi hem hususy çaphanalarda, harby häkimiýetiň gözegçiliginde neşir edilipdir. Olaryň sahypalarynda Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkeze öwrülmeginiň ösüş taryhyna degişli maglumatlara — habarlara, dürli makalalara, taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. 1895-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan çap edilip başlanan syýasy-jemgyýetçilik, söwda-senagat we edebi neşir bolan «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetinde Zakaspiý oblastynyň we Türküstan ülkesiniň harby administrasiýasynyň buýruklary, ýerli hronika çap edilipdir. Şeýle-de bu neşiri Türküstan ülkesinede ýaýratmak maksady bilen, ony 1901-nji ýyldan başlap hepdede üç gezek Samarkant üçin hem çap edipdirler. «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetiniň 1896-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda çap edilen sanynda ülkäniň bilim ulgamyndaky özgerişler barada söz açylyp, Aşgabat şäherinde 1890-njy ýylda 4 sany başlangyç mekdebiň we 1 sany buthana mekdebiniň bolandygy barada habar berilýär. 1895-nji ýylyň başyna çenli Zakaspide ýörite hünär mekdepleriniň (uçilişeleriň) 16-sy bolupdyr. Olaryň 11-sinde oglanlar gyzlar bilen bilelikde okadylan bolsa, 3-sinde diňe oglanlar, 2-sinde bolsa diňe gyzlar bilim alypdyr. Ady agzalan mekdeplerden başga-da, Aşgabat şäherinde 2 sany hususy mekdep hem hereket edipdir. «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetiniň 1895-nji ýylyň 16-njy fewralynda çap edilen sanynda Zakaspiý ülkesiniň bilim ojaklary barada syn berlipdir. Şol ýerde 1886 — 1893-nji ýyllaryň aralygynda bilim ulgamy barada berlen maglumatlara görä, Zakaspiý ülkesinde türkmenleriň bilim ojaklary bolan kiçi halk mekdeplerinden (oba dini mekdepleri) 1890-njy ýylda 101 sany mekdep hereket edip, olarda 137 mugallym – molla işläpdir we 1300 okuwçy (talyp) bilim alypdyr. 1891-nji ýylda 140 sany ýerli mekdep bolup, olarda 1636 okuwçy sowat öwrenipdir. 1892-nji ýylda bu san 163 mekdepden we 2429 okuwçydan ybarat bolan bolsa, 1893-nji ýylda dürli musulman mekdepleriniň sany 179-a ýetip, olarda 2960 okuwçy bilim-terbiýe alypdyr. Ýöne bu mekdeplerdäki okuwçylaryň sowatlylygynyň derejesiniň nähili bolandygy barada maglumatlar berilmeýär. Patyşa Russiýasy ýerli halkdan rus dilini bilýän we gowy hilli bilim alan çagalaryň — geljekki hünärmenleriň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ýerli rus mekdeplerini hem döretmäge girişýär. «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetiniň 1896-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky sanynda Aşgabat şäherinde ülkede ýerli halk üçin ilkinji rus mekdebiniň açylandygy habar berilýär. Onuň açylyşyna Zakaspiý ülkesiniň harby we dolandyryş edarasynyň şol wagtdaky ýolbaşçysy, general A.Kuropatkin hem gatnaşypdyr. Şol ýyl mekdebe ilkinji gezek 39 okuwçy kabul edilipdir. Şolaryň biri türkmen, biri osetin we ýene-de biri owganly bolan bolsa, galanlary ruslardan, parslardan ybarat bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, soňra şeýle mekdepler ülkäniň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerlerinde-de döredilipdir. Görşümiz ýaly, Aşgabat şäheri taryhyň dürli döwürlerinden bäri bilimiň we medeniýetiň özboluşly ojagy bolup gelýär. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyçlary bilen Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel paýtagtymyz ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp, has-da pajarlap ösýän şähere öwrüldi. Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina bolýan ak şäherimiz Aşgabadyň täze taryhy bolsa, geljek nesillerimiziň egsilmez buýsanjyna, nurana ertelerine öwrüler.

 

Ýagşymyrat Nuryýew,

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor

«Esger» gazeti.

  • 45
  • 23.04.2021