MAKALA

Bagt mekany

                                                                                                                                                  «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

Ak şäherim, bagt şäherim Aşgabat!

Şanly adyň dünýä doldy bada-bat.

 

Aýdym bolup ýüreklere ornadyň,

Dünýäň belent münberinde hormatyň.

 

Behişdi goýnuňa çyksam seýrana,

Merjen şäher, görküň goýýar haýrana.

 

Bag-bakjalaň, seýilbaglaň owadan,

Ylham berýär joşdugyňça, ýaňadan.

 

Watanymyň ýüregi sen paýtagtym,

Ak geljegiň ýalkymy sen ak bagtym.

 

Dünýäň täsinligni jemlän eser sen,

Adyň binýat, söýgi bilen heserden.

 

Gözelligiň şahyr eder göreni,

Goýnuňa çalyşman müň bir keremi.

 

Eýe bolduň sowulmaz ýaz-bahara,

Şanyň doldy ümmülmez giň jahana.

 

Baky bagta ýetdiň Arkadag bilen,

Arşda jennet, Zeminde-de sen kerem.

 

Ýürekleri öwrüp ylham-joşa sen,

Arkadagym bilen baky ýaşa sen!

 

Şageldi Salyhow,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 65
  • 23.04.2021