MAKALA

Türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Şu gün türkmen agyr atletikaçysy Rejepbaý Rejebow Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Biziň ildeşimiz ştangany galdyrmagyň iki görnüşi boýunça 341 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şunda ol silterläp galdyrmakda 156, itekläp galdyrmakda 185 kilogram agyrlygy eýgerdi.

Ýaryşda dünýäniň bäş gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi, hytaýly türgen Lýuý Sýaoszin altyn, özbegistanly Muhammadkodir Toştemirow kümüş medala mynasyp boldy.

29 ýaşly ildeşimiziň Dünýä çempionaty ― 2017-niň we şol ýyl Aşgabatda geçirilen Aziadanyň hem kümüş medallaryna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Yzda galan ýaryşlardan soňra Hytaý Halk Respublikasynyň milli ýygyndysy altyn medallaryň altysyny we dört sany bürünç medal bilen birinji orunda barýar.

Aziýa çempionaty 25-nji aprelde tamamlanar.

 

turkmenportal.com

 

 

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa hem agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndymyzyň hasabyna üç medal goşdy.

Olimpiýa oýunlaryna degişli bolmadyk 71 kilograma çenli agram derejesinde 6 türgeniň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdi ştangany silterläp götermekde altyn (102 kilogram), itekläp götermekde bürünç (121 kilogram), iki görnüşiň jemi boýunça kümüş (223 kilogram) medal gazandy.

Şeýlelikde, 26 ýaşly ildeşimiz bu agram derejesinde Aziýanyň çempiony bolan filippinli türgen Wanessa Sarnodan bary-ýogy 6 kilogramlyk tapawut bilen yza galdy. Şol bir wagtyň özünde-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan gazagystanly türgen Ýekaterina Bykowadan 10 kilogram öňe saýlandy.

 

turkmenportal.com

 

Maksat Meredow ― agyr atletika boýunça Aziýanyň wise-çempiony!

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň şu günler Daşkent şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda gazanan medallarynyň sany ikä çykdy. Türkmen agyr atletikaçylarynyň nobatdaky medalyny 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Maksat Meredow gazandy.

20 ýaşly türgen ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 336 kilogramlyk netije görkezdi. Şu agram derejesinde altyn medaly hytaýly Şi Çžiýun, bürünç medaly bolsa Ýaponiýanyň wekili Masanori Miýamito gazandy.

336 kilogramlyk netije biziň ildeşimiziň halkara ýaryşlardaky şahsy rekordydyr. 2019-njy ýylda Ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan Maksat Meredow şol ýylky Aziýa çempionatynda 315 kilogramlyk netije bilen ýedinji orny eýeläpdi.

Şu gezekki yklym ýaryşyna gatnaşýan toparymyzdan Seýitjan Mirzaýewiň hem ştangany silterläp götermek boýunça kümüş medaly eýeländigini ýatladýarys.

 

atavatan-turkmenistan.com

  • 45
  • 23.04.2021