MAKALA

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

                                                                                                                                                       «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

1881-nji ýylda Zakaspiý oblasty döredilenden soň, Ashabad (şol döwrüň resminamalarynda şäher şeýle atlandyrylýar) onuň dolandyryş merkezine öwrülýär.

Ashabad söwda merkezi bolmagynda galýardy. Eýýäm 1881-nji ýylyň tomsunda merwli täjirler satmak üçin şähere 4750 sany iri şahly maly, 10 müň sany goýny, şonuň ýaly-da pagta getiripdirler.

Şäheriň ýewropalaşan bölegi giňäpdir. Onuň merkezinde we günortasynda rus ofiserleriniň etrapçalary peýda bolupdyr. Bu ýerler şäheriň iň bir abadanlaşdyrylan bölegine öwrülipdir. Günbatar tarapda öz dükanlary, ussahanalary, bazarlary, kerwensaraýlary bolan söwda-senetçilik etrapçasy emele gelýär. Gündogar we günorta-gündogar taraplarda täze etrapçalar döredilýär. Demirgazyk tarapda demirýol bekedi gurulýar. Işçiler obasy hem şol ýerde ýerleşipdir. 1948-nji ýylyň ýer titremesine çenli şäheriň aýry-aýry bölekleriniň arasyndaky tapawut oňa özboluşly gelşik berýärdi.

1885-nji ýylda şähere demirýol gelip ýetýär. Aşgabada ilkinji otly şol ýylyň noýabr aýynyň 30-yna gelýär. Demir ýol hakynda aýratyn gürrüň etmek gerek. Sebäbi ol Zakaspiý oblastynyň ykdysady ösüşinde esasy badalga bolupdy. Onuň ugrundaky köne türkmen şäherlerine täzeden jan girýär, täze obalar döreýär. Demirýol Aşgabady deňiz porty we Merw bilen birleşdirýär. 1886-njy ýylda demirýol Türkmenabada (öňki Çärjewe) baryp ýetýär. Soňra ol Aşgabady merkezi Aziýanyň beýleki şäherleri bilenem birleşdirýär. 1905-nji ýylda Aşgabat Daşkendiň üstünden geçýän demirýol arkaly Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik alýar. Demirýol söwda kerwenleriň ýollaryny gysgaldypdyr. Şondan beýläk kerwenler diňe Aşgabat bilen Eýranyň, Aşgabat bilen Hywanyň aralygynda gatnapdyr. Netijede, Eýranyň Horasan welaýatynyň tutuş ykdysadyýeti Aşgabat bilen baglanyşykly bolupdyr. Şonuň üçinem, Aşgabatda gümrükhana açylypdyr. Aşgabat demirýol bekediniň işläp başlan ilkinji ýylynda paýtagtyň Russiýadan, Eýrandan, Hywadan we Buharadan söwda alyş-çalşygy üçin getirýän harytlarynyň mukdary 1,5 million rubla ýetip, şonuň üçden iki bölegi Eýran bilen edilýän söwdanyň paýyna düşüpdir. Uzak aralyklar bilen edilýän söwdanyň güýçlenmegi şäheriň daş keşbine hem öz täsirini ýetiripdir. Aşgabatda diňe 1899-njy ýylyň özünde müňe golaý söwda kerweni düşläp geçip, şol kerwenlerdäki düýeleriň sany 36 576-a ýetipdir. 1900-nji ýylda Döwlet bankynyň Aşgabatdaky bölümi tarapyndan akylyňa sygmajak san bolan 70 million rublluk söwda aýlanyşygy amala aşyrylypdyr. G.Melikowyň belläp geçmegine görä, 1903-nji ýylda «düýeleriň dyknyşyklary» sebäpli şäher polimeýsterleri «kerwenlere bazaryň üstünden we gatnalýan köçelerden geçmegi» gadagan etmäge mejbur bolupdyrlar.

Şäheriň köp sanly kerwensaraýlarynda kakadylan miweler, Owganystandan, Hywadan, Buharadan, Türkmenistanyň içki etraplaryndan getirilen çuwallar dag ýaly bolup üýşüp durupdyr. Russiýadan gaýdyp, «Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolan Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk) şäheriniň üstünden geçýän demirýol şahasynyň üsti bilen çit matalar, gant, kerosin, kükürt, demirden bejerilen gap-çanaklar we ş.m. zatlar gelipdir. Merkezi Aziýanyň beýleki şäherleriniň hiç birinde hem Ashabaddaky ýaly kerwensaraý ýokdy. 1903-nji ýylda Ashabadda 38 sany kerwensaraý bolupdyr.

Çöl bilen serhetleşýän täsin şäheriň şöhraty Ýewropa hem baryp ýetipdir. Beýik fransuz ýazyjysy Žýul Wern ahyrky nokatlary Uzyn Ada — Pekin bolan demir ýolunyň gurluşygy hakynda roman ýazypdyr. Öz ertekisiniň birmahal hakykata öwrüljegini beýik hyýalbent ýazyjy, belki, bilenem däldir.

Rus ýazyjysy N.N.Karazin bolsa 1888-nji ýylda şeýle ýazypdyr: «Täze ýol taryhyň özi tarapyndan iki tarapyndan iki dünýäniň — ýewropa medeniýeti bilen gadymy Gündogaryň esasy medeniýetiniň ýakynlaşmaklary we ruhy taýdan täzelenmekleri üçin niýetlenen ýoluň iň bir esasy we iň bir kyn ülüşleriniň biridir».

XX asyryň aýagynda Türkmenistana syýahat eden fransuz ofiseri Edgard Bulanžýe Aşgabat demirýoly barada täsin ýazgylary galdyrypdyr. Ýewropadakydan tapawutly bolan giň wagonlar, aşgabatly gulamlaryň myhmansöýerligi hakdaky gürrüňiniň arasynda, ol otluda edilýän hyzmat barada şeýle ýazýar: «Täze azyk harytlary, adatça, Aşgabatdan satyn alynýar. Bu ýerde size goýun etinden bişirilen ajaýyp ýapmaçlary hödür edip, yzyndanam bir kesim gawun bererler. Olar ýaly gawuny men şu ýerden başga hiç ýerde iýip görmedim. Ol şeýle bir näzik bolup, agzyňda eräp gidýär hemem onuň adatdan daşary ysy bolup, şol bir wagtyň özünde-de örän süýji bolýar. Bu gawunyň başga ýerde duşmaýan aýratyn bir görnüşi bolmaly. Iýlip-içilen zatlaryň üstüni tagamly üzüm we näzikden iri şetdalylar ýetirýär. Ahal-Teke Peterburgdan şeýle uzakda ýerleşse-de, oňa garamazdan, bu ýerde hem şeýle oňat we köplenç, bol hem-de saýlama naharlary iýýärler».

(Dowamy bar)

 

Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň

«Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» kitabyndan.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 41
  • 23.04.2021