MAKALA

«Apple» täze önümlerini tanyşdyrdy

«Apple» kompaniýasy täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabaranyň açylyşynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk söz sözledi. Dabarada dürli reňkli görnüşleri bolan «iMac» modelleri has köp üns çekdi. Şeýle hem kompaniýa «iPad Pro» modellerini tanyşdyrdy. «iPad Pro-nyň» adaty kompýuterdäki aýratynlyklary bolan we satuwdaky iň güýçli plantşetdigi mälim edildi. Bulardan başga-da, ýiten enjamlary tapmaga kömek edýän «AirTag» atly enjamy tanyşdyrdy.

Kaliforniýadaky «Cupertino» şäherjiginde geçirilen tanyşdyrylyş agşamynda ilki bilen «podcast» üçin abuna ýazylyşygynyň ýola goýuljakdygy mälim edildi. Bu programma aýdym-saz diňlemäge mümkinçilik berýär.

«iPhone 12» modeliniň mämişi reňklisiniň çykaryljakdygy mälim edildi. Täze reňkli «iPhone 12» üçin anna güni sargyt kabul edilip başlanar.

«Apple TV 4K-nyň » bolsa gutusyna täze mikroprosessor oturdylandygy bellenildi. Bu bolsa, ýokary durulygynda HDR wideolaryny görkezip biler. Esasan hem, sport bäsleşikleri has akgynly görkeziler. 32 GB hemişelik ýady bolan «Apple TV» 179 dollardan başlaýan bahalar bilen satuwa hödürlener. 30-njy aprelden başlap, sargyt kabul edilip başlanjak «Apple TV-ler» maý aýynyň ikinji ýarymynda müşderilere ýetiriler.

«Apple» dürli reňkli «iMac» modellerini hem tanyşdyrdy. Bu «iMaclarda» öz önümi bolan M1 mikroprosessory oturdylypdyr. Has ýuka alýumin dizaýny bolan kompýuteriň gyzyl, gök, mämişi, narynç, sary, kümüş we ýaşyl reňklisi bolar.

«iPad Pro» modelleri kompaniýanyň kompýuterlerine oturdan M1 mikroprosessorlary bilen üpjün edilipdir. Şeýlelikde, «iPad» bazardaky bäsdeşlerinden bir ädim öňe saýlanar. Mundan ozal «iPadlerde» «iPhonelara» oturdylýan A seriýasyna degişli çipler ulanylýardy. «Apple» täze işlenip düzülen planşetleriň satuwdaky iň güýçli planşetdigini belleýär. Bu «iPadleri» has ýokary durulykdaky monitorlara birikdirmek üçin USB-C baglanyşygy hem göz öňünde tutulypdyr.

«Apple» käbir «iPad» modellerinde 5G aýratynlygynyň bardygyny habar berdi. 11 hem-de 12,9 dýuýmlyk görnüşleri bolan «iPadleriň» kosmos çaly we kümüş reňkli iki görnüşi bolar.

29 dollardan satyljak «AirTag» atly aksessuar bolsa, 30-njy aprelden başlap dükan tekjelerinde orun alar. «AirTag» ýiten zatlary tapmak üçin «iPhone» torundan peýdalanýan, «Find My» atly programmany ulanýan tehnologiýa hasaplanýar. Bu programmanyň kömegi bilen ulanyjylar enjamlaryny aňsatlyk bilen tapyp bilerler. Häzirki wagtda hödürlenen «AirTags» enjamlary «Find My» ekosistemasyna goşulan täze gurnama bolup, tegelek enjamyň iç tarapy çal, daş ýüzi kümüş reňk bilen dizaýn edilipdir. Kiçidigi sebäpli enjamy açarhalka hökmünde ulanyp bolýar.

 

zamanturkmenistan.com.tm

  • 32
  • 23.04.2021