MAKALA

Bilim pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-türk geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň bilim ministri Orazgeldi Gurbanow bilen Türkiýäniň bilim ministri Ziýa Selçuk arasynda onlaýn tertibinde gepleşikler geçirildi. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Türkiýäniň bilim ministri Ziýa Selçuk bu duşuşyk barada beren beýanatynda iki ýurduň arasynda umumy bilim babatda äthnamanyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Şeýle hem bilim ministri Ziýa Selçuk mekdepleriň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň iň möhüm nyşany bolup durýandygyny, doganlyk halklaryň we ýurtlaryň ýakynlaşmagyna mekdepleriň goşandynyň uludygyny belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada has giňişleýin şertnamanyň üstünde işlemegiň peýdaly boljakdygyny belledi.

Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň beren maglumatyna görä, onlaýn tertibinde geçirilen gepleşiklerde döwletleriň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama hem-de türk diliniň okadylmagyna degişli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda çykyş edenler 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ähli ugurlarda oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ýola goýlandygy mälim edildi. Bilim ulgamyndaky türkmen-türk geňeşiniň mejlisiniň iň soňky gezek 2015-nji ýylda amala aşyryldygy we bu geňeşiň mejlisleriniň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy, 1992–2020-nji ýyllar aralygynda türkmenistanly talyplaryň Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alandygy mälim edildi.

Şeýle hem türk tarapy koronawirus ýokanjy döwründe bilim pudagynyň hem täsirlenendigini belläp, bu ugurda öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilendigi, hünärment mekdeplerinde örtük, arassaçylyk serişdeleri öndürilip, ýurduň dürli pudaklaryna iberilendigi belläp geçdiler. Mundan başga-da, bu döwürde uzagara okatmagyň usuly boýunça käbir öňegidişlikleriň gazanylandygy mälim edildi.

Türkmenistan tarapynyň wekilleri bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen netijeli ýygnagyň geçirilendigini we munuň bilelikdäki iş ugurlaryndaky işleriň durmuşa geçirilmegine uly itergi berjekdigini mälim etdiler.

Bu mejlisiň ýygnagyna Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ýolbaşçysy B.Bäşimow, Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň Ýewropa bileleşigi we halkara gatnaşyklary boýunça baş müdiri Burju Eýisoý Dalkyran, Ýokary bilim we daşary ýurt bilim boýunça baş müdir Ahmet Emre Bilgili we beýlekiler gatnaşdy.

www.atavatan-turkmenistan.com

  • 30
  • 27.04.2021