MAKALA

Ýurduň ýüregi

                                                                                                                                                        «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

Ertekilerde kyrk derwezeli şäherler, olaryň läle-reýhanly çarbaglary, bagtyýar ilaty barada telim öwra okalandyr. Erteki ertekiligine galýar. Ondaky arzuwlar garramaýar. Wagt bolsa ähli zada öz täsirini ýetirýär. Biz häzir şol arzuwlaryň ertekiden çykyp, hakyky durmuşda hasyl bolýan döwründe ýaşaýarys. Şol döwrüň keşbine bolsa ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek mümkin. Sebäbi paýtagtyň keşbinde döwletiň ykdysady kuwwatynyň maddy keşbi öz beýanyny tapýar.

Adatça, paýtagt ýurduň ýüregi, döwletiň ýüzi hasaplanýar. Islendik döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten derejesine göz ýetirjek bolsaň, şol döwletiň paýtagtynyň keşbine nazar salmak ýeterlik. Onuň keşbinde halkyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek mümkin. Biz mysalymyzy jana-jan şäherimiz, mähriban şäherimiz, ylla, ertekilerdäki kaşaň-kaşaň köşk-eýwanly azym-azym şäherlere berimsiz Aşgabadymyz bilen baglanyşdyralyň! Çünki Aşgabadymyz ― göwün şadymyz, bagt şäherimiz. Aşgabadymyz ― Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň iň kämil eseri. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellenilip geçiler.

Gözüň öwrenişen, yzygiderli gaýtalanyp durýan täzelikler adaty, hökmany bolaýmaly zat hökmünde kabul edilýär. Biz şu pikiri paýtagtymyzda, asyl, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurulýan ýaşaýyş, medeni-durmuş maksatly binalaryň, häzirki zaman obalarynyň, senagat kärhanalarynyň mysalynda aýtmak isleýäris. Her bir binanyň binýat tutmagy, soňra onuň häzirki zaman ülňülerine kybap gelýän tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy düýpli maýa goýum serişdesini talap edýär. Biziň ýurdumyzda bolsa, ählimiziň bilşimiz ýaly, iň häzirki zaman, döwrebap, kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Olaryň sany onlarçadyr, ýüzlerçedir.

Diňe 2020-nji ýylyň hasabat maglumatlaryna ýüzlenenimizde hem ýurdumyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülendigine göz ýetirmek bolýar. Häzirki döwürde dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde şeýle giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek, özi-de diňe bir durmuş maksatly binalary gurmak däl, bütin obany, hatda köp ilatly şäherleri gurmak hyýalyňa-da gelmejek ýaly bolup görünýär. Ýöne biz bularyň ählisiniň hasyl bolýandygyna her gün şaýat bolýarys. Şeýle işler diňe hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde Türkmenistan ýaly ykdysady taýdan kuwwatly, işjeň senagatlaşýan döwletlere başardýar.

Hawa, Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýörelgesi halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynda, döwletimiziň ykdysady kuwwatynda öz beýanyny tapar.

 

Muhammet Bekgiýew,

žurnalist.

  • 58
  • 27.04.2021