MAKALA

Milli gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy dabaralandy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ýokary derejede bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde at çapyşyklar, ahalteke atlarynyň we alabaýlaryň gözellik bäsleşikleri, sergiler, maslahatlar, şeýle-de aýdym-sazly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ynha, ýakynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň gatnaşmagynda gözellik bäşleşigi geçirildi. Oňa ahalteke bedewlerimiz gatnaşdyryldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde ýetişdirilýän bedewleriň hem birnäçesi gatnaşdy.

Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan türkmen abaýlarynyň gözellik bäsleşigi hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Tapgyrlaýyn esasda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginde ösdürilip, ýetişdirilen alabaýlarymyz gatnaşdyryldy. Geçirilen bäsleşige Gullugymyzyň düzüminden hem alabaý itleri gatnaşdyryldy. Netijede Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe boldy.

Diýarymyzda halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen bedewlerimiziň, şeýle-de guwanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun, çäksiz alkyş aýdýarys!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 33
  • 27.04.2021