MAKALA

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

                                                                                                                                                        «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

Aşgabat üçin uzak aralyklary birleşdirýän demir ýoluň we kerwen ýollarynyň ähmiýeti 1904-nji ýylda işlenilip taýýarlanylan gerbiň taslamasynda hem öz beýanyny tapypdyr. Bu taslamada esasy üns şäheriň uzak aralyga söwda etmekdäki ýerine ýetirýän wezipesine berlipdir. Aşgabat uýezdiniň ýolbaşçysy 1904-nji ýylda ýazan düşündiriş hatynda şeýle ýazypdyr: «Aşgabat — Zakaspiý oblastynyň esasy şäheri — diňe bir dolandyryş merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özünde tutuş oblastyň söwda-senagat işlerini jemlemek bilen, esasan, Russiýanyň, Persiýanyň we Owganystanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda geçiriji bolup hyzmat edýär. Onuň soňky agzalan wezipesi durmuşynyň häsiýetli aýratynlygyny we esasy özboluşlylygyny emele getirýär. Aşgabadyň gerbiniň taslamasy hem şol esasda işlenip taýýarlanyldy. Onda patyşa täjiniň aşagyndaky galkanyň ýüzünde söwda gatnaşyklarynyň ýüze çykan senesini görkezmek bilen söwda kerweni, iň aşakda bolsa söwda gatnaşyklarynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan demir ýoluň çekilen senesini görkezmek bilen demir ýol otlusy şekillendirilipdir».

Şäheriň ýewropalaşan bölegi ösmegini dowam etdiripdir. 1890-njy ýylda Ashabadda ilkinji telefon nokady işläp başlapdyr. 1896-njy ýylda bolsa bu ýerde gimnaziýa we orta okuw jaýy, kitaphana öz işine başlaýar. Şonuň ýaly-da, sport birleşikleri, ylmy toparjyklar, taryh we zoologiýa muzeýleri peýda bolýar. Rus dilinde «Bildirişleriň aşgabatly habarçysy» (1891 ý.), «Zakaspiý syny» (1895 ý.), «Ashabad» (1899 ý.) gazetleri ýaly döwürleýin neşirler hem çap edilip başlanýar. XX asyryň ýaňy bir başlanan mahaly bolsa sinemotograf, elektrik togy peýda bolýar. Şäherleriň köçelerinde awtoulaglar göze ilip başlaýar.

Rus medeniýetiniň görnükli wekilleri bolan F.I.Şalýapin (1891 ý.) we W.F.Komissaržewskaýa (1910 ý.) dagy Aşgabady görmäge geldiler.

XX asyryň başyna çenli şäher haýal abadanlaşdyrylypdyr. Daş düşelmedik köçeler tomsuna tozanly we gyşyna batgaly bolmak bilen, gijelerine kerosin çyralary arkaly ýagtylandyrylypdyr. Bu barada Olsufýew we Panaýew dagy 1899-njy ýylda şeýle ýazypdyrlar: «Aşgabada golaýlan mahalymyz, gözümiziň öňünde uly şäheriň adaty görnüşi bilen kän bir baglanyşygy bolmadyk görnüş peýda boldy... Bize: «Serediň, Ashabad» diýip, habar berdiler. Biziň gözümiz dagyň etegindäki kölegeli baglyga düşdi. Käbir ýerlerde öýleriň ýapgyt üçekleri göze ilýärdi. Diňe ýerli buthananyň çaklaňja jaňhanasynyň ýeke özi baga bürenip oturan şäheriň depesinde somalyp durdy. Uzakdan seredeniňde öňden nämäniň — paýtunyňmy, öz düýesini ýa-da ýabysyny haýdadyp barýan ýerli ýaşaýjynyňmy ýa ýönekeý bir ýolagçylaryňmy — barýandygyny kesgitlemegem kyn. Diňe topbak-topbak bolup, ýokary galýan goýy tozan gözüňe ilýär». Munuň şeýledigine N.I.Romanowyň ýazgylary hem şaýatlyk edýär. Ol şeýle ýazypdyr: «Daş düşelmedik, tomusda tozanly we gyşda batgaly köçeleri az sanly çyralar öçügsi ýagtylandyrýardy. Kerwensaraýlarda ýönekeý işçiler ýaşaýardylar. Ilatyň ruhy islegini bir mekdep kanagatlandyryp, şäherde kitaphanalaram, kitap dükanlary hem ýokdy. Adamlar ýerli harby hassahanalarda özlerini bejerdýärler. 1888-nji ýyldaky suw joşguny hassahananyň gündogar tarapynda gaçy galdyrmaga mejbur etse, 1889-njy ýylyň suw joşguny ol gaçyny hasam beýgeldip, Goçant ýolunyň aňry tarapyna çenli uzaltmaga mejbur etdi».

Şäheriň türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen däpleriniň dowam edýän ýeri bolan aziýa böleginde beýle zatlary görjek gümanyň ýokdy. Ol ýerde metjitler, senetçilik ussahanalary, mekdepler, suw howdanlary, her hili hapa zatlardan ygtybarly goralan kärizler, mazarystanlar, oňat edilip gurnalan bazarlar: degirmenler, juwazlar we ş.m. bardy. Türkmenler şäheriň ruslaryň ýaşaýan böleginde oba hojalyk önümlerini: (däne, pagta we ş.m) satýardylar, azyk önümleri: süýt we süýt önümleri, et, miwe we bakja önümleri bilen üpjün edýärdiler.

Şäherde suw üpjünçiligi meselesi göz öňünde tutulmazdan, baş-başdak salnan binalar peýda bolupdyr. Onuňam üstesine, ýüzlerçe haýwanlardan — düýelerden, ýabylardan, eşeklerden ybarat köp sanly kerwenler hem-de satmak üçin bazarlara getirilýän müňlerçe sygyrlar, geçiler we goýunlar — bularyň hemmesi köp mukdardaky suwy talap edýärdi. Kerwenlerem çölüň üsti bilen Hywadyr Buhara ugramazlaryndan öňürti, Aşgabatda suwdan ýüklerini tutýardylar. Suwy suwçular demir gaplarda bazara çykarýardylar. Şähere täze göçüp gelen ýaşaýjylar özbaşdak gazylan guýulardan peýdalanypdyrlar.

Türkmenler, adatça, Aşgabat derýajygynyň suwundan peýdalanypdyrlar. Soňra onuň suwunyň esasy bölegini şäheriň ýewropa böleginiň ýaşaýjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga we suwaryş ulgamyny gowulandyrmaga sarp edipdirler. 1897-nji ýylda şäherde çuň guýy gazmaga synanyşsalar-da, ol başa barmandyr. Şondan soň häkimiýetler suw almak nobatyny işläp düzüpdirler. XX asyryň başynda şäherde käriz gazmak başardypdyr. Şonuň netijesinde, şähere gelýän suw ep-esli artypdyr. Diňe 1911-nji ýylda şäher ýolbaşçylary uzynlygy 10 km bolan suw geçirijisini çekdiripdir. Suw ýetmezçiligi şäheriň ösüşini bökdeýärdi. Şonuň üçinem täze kärizden bahasy 120000 rubla deň bolan suw geçirijisini gurmaga 59780 rubl 35 köpük bölünip berlipdir. Suwaryş meýilnamasy işlenip taýýarlanypdyr, suw bilen üpjünçilige gözegçilik etmeli adamlar bellenipdir (olara aýlyk bermek üçin ýylda 12379 rubl gerek bolupdyr), Aşgabadyň günbatar bölegini we merkezini goramak üçin barlaglar geçirilipdir, ýaplaryň taslamalary düzülipdir.

(Dowamy bar...)

Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň

«Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» kitabyndan.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 38
  • 27.04.2021