MAKALA

1000 ýyldan soňky Aý tutulmasyny görkezýän mehaniki sagat

Dört sany ýüzi bolan, ýüzlerçe ýyllap «sagat ýaly işläp biljek» dünýäniň ilkinji sagady işlenip taýýarlandy. «Jaeger-LeCoultre Reverso Hybris Mechanica Calibre 185» atly goşar sagady diňe wagty däl, eýsem ýene 10 asyrdan boljak Aý tutulmak hadysasynyň wagtyny hem görkezýär. Şweýsariýanyň lýuks sagatlary öndürýän «Jaeger-LeCoultre» brendi çylşyrymly ýüzi bolan sagady köpçülige tanyşdyrdy. Bary-ýogy 12 sanysy öndürilen sagadyň ýüzi birneme çylşyrymly. Gabarasy ak reňkli altyndan ýasalan sagadyň ýüzi açylyp-ýapylýar. Şeýle hem sagadyň ýüzi aýlananda Aýyň tutulýan wagtlary görkezýän ekran peýda bolýar. Mehaniki sagada 1111 ýyldan gaýtadan tow berilmelidigi bellenilýär.

zamanturkmenistan.com.tm

  • 29
  • 27.04.2021