MAKALA

Yşgyň mysaly

                                                                                                                                                    «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine»

 

Aşgabat yşykdan ýasalan ýaly,

Gijesi-de yşyk, gündizem yşyk.

Dykgat bilen siňe-siňe seretseň,

Söýgüli şäheriň gül ýüzem yşyk.

 

Köçelerem yşyk, ýollaram yşyk,

Men yşky synlaýan ýöräp maýdalma.

Göwnüm göterilip, açylýar şähdim,

Agşam işden çykyp, öýe gaýdamda.

 

Aşgabadyň yşyklary nur saçyp,

Yşgyň huzuryna ýetirýän ýaly.

Yşgyň şäherine bakdygyň saýy,

Dideleň öňküden ýitelýän ýaly.

 

Yşyk görüp, yşga göwnüni beren,

Bir menmikäm ýa barmyka başgada?

Çyraň ýagtylygy yşgyňkyça däl,

Yşgyň ýagtylygy juda başgaça.

 

Ol diňe bir töweregi ýagtyltman,

Ynsan köňüllernem ýagtyldyp bilýär.

Aşgabat — söýginiň, yşgyň şäheri,

Men muny bilýän...

 

***

Ynha, barýan ugry bilen şaýoluň,

Ýöräp däl-dä, uçýan ýaly hamala.

Hezil edip gözelligi synlamak —

Bagt ekeni berilende ykbala.

 

Bagtdyr bolmagam bagtly raýaty

Ýeke-täk şäheriň «Aşgabat» atly.

Bir zady aňlaýan, synladygymça,

Men ýörämok, göýä uçýan ganatly.

 

Ylla arşyň uçýan halysy ýaly

Gözellik aýlanýar degre-daşymda.

Pikirlemem uçup girýär jaýlara,

Huşumam galmady meniň başymda.

 

Mermerden gurulan bu desgalarda

Halkyň arzuwlary ýerleşen ýaly.

Göwnüme bolmasa, Aşgabadymyň,

Başy Asman bilen birleşen ýaly.

 

Aklym haýran galyp şaýoluň ugry

bilen barýan, ýörämok men, uçýan men.

Şeýdip gözellige teşne kalbymy,

Gözelligiň hut özüne açýan men.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 52
  • 28.04.2021