MAKALA

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Sanlyja gün mundan öň Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy we ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Bu mynasybetli berkarar Watanymyzyň çar künjünde baýramçylyk çärelerine giň orun berildi.

Baýram gününde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly bäsleşigiň hem jemi jemlendi. Bilşimiz ýaly, üç etap boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda alabaý itleriniň 10-sy Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda öz aralarynda bäsleşdiler. Ol örän çekeleşikli we gyzykly geçdi. Şeýlelikde, bu bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, Gullugymyzyň Akhan atly alabaýy yglan edildi. Akhan hormatly Prezidentimiziň Baş baýragyna — ýörite medalyna, ýeňil awtoulagyna, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» göçme kubogyna we diploma mynasyp boldy.

Arkadagymyzyň Akhan bedewi bilen atdaş alabaýymyza Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezinde ýörite tälim berilýär. Oňa merkeziň çagyryş boýunça harby gullukçysy seržant Rejepmyrat Myradow ideg etdi we tälim berdi. Hatda Akhany bäsleşige taýýarlan, ony bäsleşikde meýdança alyp çykan hem seržant Rejepmyrat Myradowdyr. Elbetde, bu esger R.Myradowyň hem uly üstünligidir, çeken päk zähmetiniň, eden yhlasynyň miwesidir.

Bu taryhy ýeňiş mynasybetli Türkmenistanyň Serhet institutynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa harby gullukçylar, Akhana tälim berýän çagyryş boýunça harby gullukçy seržant Rejepmyrat Myradow hem gatnaşdy. Maslahatda, milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlaryna ýurt derjesinde milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda berilýän üns, onuň serhet araçäklerimizi goramakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli pikirlere baý bolan buýsançly çykyşlar edildi. Şeýle hem gatnaşyjylar merdana serhetçi esgeri gazanan döwlet derjesindäki ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutladylar, oňa mundan beýläk-de şowlulyklaryň hemra, üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ryza Nurmyradow.

  • 39
  • 28.04.2021