MAKALA

Goşa baýram — goşa toý

Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralaryň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenstanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Serkerdebaşysy goşun generali Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat etdi. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlygyň artýandygyny aýdyp, şol alabaýlaryň halkymyzyň ýagşy dessurlaryny mynasyp dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Şol gün döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumdünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi.

Belent Serkerdebaşymyz türkmenleriň alabaý itlerine garaýşynyň üýtgeşikdigini belledi. Şöhratly ata-babalarymyzyň ösdürip kemala getiren itleriniň bu tohumy tutuş dünýäde tanalýar. Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar.

Milli Liderimiz serhetçi esgerlere türkmen alabaýlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy, wepalylygy baradaky rowaýatlary gürrüň bermek bilen, halkymyzyň döreden «It geldi-gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur manynyň bardygyny, munuň alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen alabaýlary bilen ýörite okuw tälimleri geçirilýär, şonuň netijesinde, türkmen alabaýlary jenaýatçylary ele salmak, hem-de partlaýjy maddalary ýüze çykarmak ukyplaryny görkezýärler. Türkmen alabaýlary hem edil ahalteke bedewleri ýaly, asyrlarboýy türkmen halkynyň wepaly dostly we ýoldaşy bolup geldi. Bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Şol bir wagtyň özünde bu tohumdaky itler öz eýesine, ýaşaýan öýüniň maşgala agzalaryna juda wepaly bolupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilen bolan şol duşuşygyň dowamynda serhetçiler Watana wepaly gulluk etmek bilen birlikde, sowgat berlen alabaýlary terbiýelemekde yhlaslaryny gaýgyrman mynasyp ýetişdirjekdiklerine ynandyrdylar. Serhet gullugynyň harby gullukçysynyň halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy hem-de onuň ösdürip ýetişdiren Akhan atly alabaýyna «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» derejesiniň berilmegi şol ynama mynasyp hötde gelnendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Munuň özi harby gullukçylaryň Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetirýän döwürlerinde zähmet terbiýesi arkaly taplanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli Liderimiziň hemişe ündeýän nesihatlaryny harby gullukçylaryň ýörelge edinýändikleriniň subutnamasydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pent-nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alnyp, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň tohumçylyk hem-de seçgiçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň binýadynda «Türkmen alabaý» tohum itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi döredildi.

Akhanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň netijeli çözülýändigine güwä geçýär.

Dabarada çykyş edenler milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde belende galdyrmakda döwlet Baştutanymyzyň bitirýän beýik işleri barada aýratyn durup geçdiler. Şunda ata Watanymyzyň döwlet serhediniň goragynda netijeli ulanmak baradaky başlangyjyň hem hormatly Belent Serkerdebaşymyza degişlifdigi buýsanç bilen bellenildi.

Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda esgerler bilen deň hatarda sak durup, gulluk edýän Akhan bu gün aýratyn başarjaňlygyny, gaýduwsyzlygyny subut eden alabaý hökmünde taryha girdi. Ony şeýle derejede terbiýeläp ýetişdirip, zähmet endigini ele alan serhetçi esger Rejepmyrat Myradow bolsa hormatly Prezidentimiziň baş baýragy bolan «Toýota Camry» kysymly ýeňil awtoulaga, göçme Kuboga hem-de diploma eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, serhetçi esger R.Myradow Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanyldy. Şol günki dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, mukaddes garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, parahatçylygyň we ene topragymyzyň asudalygynyň goragynda berk durup, harby we watançylyk borjuny abraýy bilen ýerine ýetirýän ýurdumyzyň ähli harby gullukçylary üçin şanly waka öwrüldi.

Gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý etmegini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Buýrugyna laýyklykda, R.Myradow dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşadylyp, ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugyň ätiýaçlygyna ugradyldy. Munuň özi esger ýigidiň durmuşynda iň şatlykly, buýsançly waka boldy.

Dabaranyň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan sergi dabaranyň özboluşly öwüşginini artdyrdy. Onda ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň waspyny ýetirýän sungat eserleri görkezildi. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde ösdürilip ýetişdirilýän alabaý gulluk itlerini synlamak boldy.

  • 45
  • 28.04.2021