MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltanlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösmegi ugrunda bitiren hyzmatlary

Gündogar bilen Günbatary ykdysady we medeni taýdan baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynda gurlan şäherleriň ençemesiniň üstünden geçipdir. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltanlary Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa we soltan Sanjar Beýik Ýüpek ýolunyň ösmegi we onuň howpsuz şertlerde bu döwletden geçmegi babatynda uly tagallalary edipdirler. Eýýäm döwletiň esaslandyrylan ilkinji ýyllaryndan başlap, soltan Çagry begiň söwda ýolunyň ösmegi ugrunda bitiren işleri barada Gaznaly türkmen döwletiniň taryhyny ýazan türkmen taryhçysy Abyl Fazl Beýhaky belläp geçýär. Şeýle-de döwleti dolandyrmakda juda köp işleri amala aşyran soltan Çagry beg we onuň geçiren ykdysady özgertmeleri barada türk taryhçysy M.Köýmen hem öz işlerinde ýazypdyr.

1074-nji ýylda soltan Mälik şanyň buýrugy bilen, ýurtda hereket edýän ölçeg ulgamy kadalaşdyrylyp täze senenama — kalendar kabul edilýär. Ýurtda gurluşyk işlerine, aýratyn-da, ýol gurluşygyna uly üns berlip, söwda-kerwen ýollarynyň ugrunda öňki kerwensaraýlar abadanlaşdyrylyp hem-de täze kerwensaraýlar gurlupdyr. 1087-nji ýylda soltan Mälik şanyň permany bilen, Günbatar Aziýa ýurtlarynyň söwda ulgamynda öňden gelýän bäsdeşler — Yragyň we Horasanyň täjirlerinden alynýan paç kadalaşdyrylýar.

W.Bartoldyň ýazmagyna görä, soltan Çagry beg wagtynda bu döwletiň çägindäki kerwensaraýlar doly hasaba alnypdyr we olara döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň esasynda abatlaýyş işleri geçirilipdir. Alymyň bellemegine görä, Daýahatyn we Mahan kerwensaraýlary has meşhur kerwensaraýlar bolup, olar döwlet goşunlary tarapyndan goralypdyr. Ýeri gelende aýtsak, belli täjirler, baý söwdagärler öz hasaplaryna kerwensaraýlar we duralgalar (rabatlar ýa-da kiçiräk galalar) gurdurypdyrlar.

Orta asyrlaryň belli taryhçysy Abyl Fazl Beýhaky «Masudyň taryhy» atly meşhur işinde Nusaýda we onuň töwereginde ýerleşen kerwensaraýlaryň abatlaýyş işleriniň geçirilendigini belleýär. Taryhçy Rawendi bolsa soltan Sanjar döwründe Merwdäki we onuň ýollaryndaky kerwensaraýlaryň hem-de ýollarynyň abatlanandygyny ýazýar.

XI-XII asyrlardan saklanyp galan ýadygärlikler bu döwürde binagärlik senedinde düýpli öňe gidişligiň bolandygyny, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň binagärliginde täze ugruň kemala gelendigini görkezýär. Käbir ymaratlaryň diwarlarynyň ýüzündäki taryhy ýazgylarda hökümdaryň, gözegçi ynamdar adamyň, baş binagäriň, hatda aýry-aýry ussalaryň-da atlary saklanyp galypdyr.

Abyl Fazl Beýhakynyň ýazmagyna görä, soltan Togrul beg döwründe ýurtda daşary ýurtly we içki täjirler üçin döwlet pajy kadaly ýagdaýlara getirilip, ol babatda ençeme resminamalar kabul edilipdir. Ýöne soltan Çagry beg goňşy döwletler üçin döwlet pajynyň bir görnüşini, çetki ýurtlardan gelýän söwda kerwenleri üçin bolsa, aýratyn görnüşli döwlet pajyny girizipdir. Arap we pars awtorlarynyň bize galdyran maglumatlaryna görä, soltan Alp Arslan döwründe döwlet pajynyň töleginiň daşary ýurtly täjirler üçin juda elýeterlidigi bellenilýär. Orta asyrlarda Ýakyn Gündogarda söwda gatnaşyklarynyň hem-de şäheriň taryhyny öwrenen belli alym O.Bolşakow hem bu mesele barada öz pikirini ýazýar. Onuň bellemegine görä, XI asyra degişli awtory näbelli, hytaýly syýahatçynyň ýazgysynda döwletiň belli şäherlerinde — Merwde, Amulda we Nişapurda daşary ýurtly söwdagär täjirler üçin uly ýeňillikleriň bolandygy, şeýle-de ady agzalan şäherlerde söwda işlerini alyp barmaklygyň amatly bolandygy ýazylypdyr.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 26
  • 28.04.2021