MAKALA

Geljek eýýäm geldi: hytaýlylar sürüjisiz howa taksileri üçin aerowokzal işläp taýýarladylar

Hytaýyň «EHang» kompaniýasy ekosyýahatçylyk pudagynda işjeň ulanyljak sürüjisiz taksiler üçin howa menzilini gurmak niýetini yglan etdi. Bu hyýallar dünýäsiniň konseptual taslamasy ýaly bolup görünse-de, ýöne asla beýle däl. Eýýäm dik uçýan we gonýan «eVTOL» sürüjisiz howa ulagynyň 40-sy synagdan geçirilýär. Diňe netijelere garaşmak we ýolagçylar geljekde adatdan daşary taksini howa gatnawy üçin ulanyp biler ýaly stansiýa döretmek galýar.

Adamzat, takmynan, ýüz ýyl bäri ylmy-fantastiki žurnallarda ýa-da kinofilmlerde görüp boljak iň ajaýyp nusgalaryny oýlap tapmak bilen, uçýan awtoulaglary ýa-da howa taksilerini arzuw edip gelýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde, oýlanyp tapylan howa transportunyň nädip we nirede saklanjakdygy, ýolagçylary alyp gitjekdigi ýa-da düşürjekdigi, ýangyç guýuljakdygy we hyzmat ediljekdigi barada hiç kim pikir etmedi.

Arzuwlardaky bu boşluk Hytaýyň «EHang» kompaniýasy tarapyndan «wertiport» diýip atlandyrylýan ýörite howa menzilini döreden gelejegiň taslamasy bilen dolduryldy. Adaty däl desga hytaý hünärmenleri tarapyndan italiýan dizaýn topary «Giancarlo Zema Design Group» (GZDG) bilen bilelikde işlenip düzüldi, sebäbi ony Italiýada gurmagy meýilleşdirýärler. Takyk ýeri entek kesgitlenmedik hem bolsa, «Ehang» Ýewropanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlarynda ýerleşjek goşmaça taslamalaryň üstünde işleýär.

«Baobab» diýlip atlandyrylýan wertiportuň beýikligi 30 metr bolar we daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin, ol polatdan we laminirlenen agaçdan gurlar. Şeýle hem taslamada desga hyzmat etmek hem-de äpet sürüjisiz uçarlara meňzeýän howa ulaglaryna simsiz zarýad bermek üçin, elektrik energiýasynyň doly üpjün edilmegine seredilendir. Bu ýöne bir arzuw ýa-da hyýaly hekaýa däl, sebäbi şeýle ulag eýýäm bar.

Gyzykly fakt: «Ehangyň» hünärmenleri eýýäm iki ýolagçyny gatnadyp biljek dik uçýan we gonýan sürüjisiz elektrik howa ulagy bolan «eVTOL-y» işläp düzdüler. Eýýäm kompaniýa synag, şeýle hem barlag, okuw we tanyşdyryş maksatlary üçin, müşderilere bu nusgalaryň 40-syny hödürledi.

Eger synag üstünlikli geçse, onda degişli logistikalary we ilkinji nobatda, howa menzillerini döretmek zerurlygy ýüze çykar. Taslamanyň awtorlary işlenip taýýarlanylan duralgada ýolagçylara köp gyzykly we üýtgeşik zatlaryň garaşýandygyny wada berdiler. «eVTOL» howa awtoulagynda aýlanmak üçin ýolagçylar desganyň ýokarsynda ýerleşýän uçuş we gonuş platformasyna liftli galmaly bolarlar. Elektrik uçarlary üçin zarýad berijiler bilen enjamlaşdyrylan ýaşyl meýdançalar we üç sany gonuş meýdançasy bolan açyk teraslar dörediler. Olar ýolagçylaryň münüş we düşüş wagtynda batareýalaryny simsiz zarýadlandyryp bilerler.

Duralgada ýolagçylar üçin garaşylýan otag, gözegçilik meýdançasy we daş-töweregi ýa-da şäher keşbini 360 derejede synlap bolýan restoran bar. «Baobab» duralgasy ekosyýahat pudagy üçin özüne çekiji bolar diýlip garaşylýar, sebäbi howa taksi giňişleýin gezelençler üçin iň amatly ulagdyr.

 

Ýazmuhammet Hümmedow,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

  • 29
  • 28.04.2021