MAKALA

Ak şäherim Aşgabat

Ak şäherim Aşgabadym — paýtagtym,

Köşki-eýwanlaryň buýsanjym, bagtym!

Şanly waspyň müň dessana ýerleşmez,

Älem galýar başarnygňa haýranda.

Haýbatly Köpetdag ileriň alyp,

Eşrepi dek Garagum dur gaýraňda.

Rahatlyk hem dostluk, ynanyşmaklyk,

Islegiňi älem goldap gelen seň,

Merjen-dürden nepis boglan çemen sen!

 

Ak şäherim, päk şerim — Aşgabat,

Şahyrlaň, bagşylaň joşgunysyň sen,

Göwünleň galkymy, buşlugysyň sen!

Aşyklara beren yşky-heseri,

Bakylyk binýady, bagtyň daragty,

Arkadagymyzyň sungat eseri —

Türkmenistan Watanmyzyň paýtagty!

 

Aşgabat diýmek...

 

Aşgabat diýmeklik — «yşk abat» diýmek,

Aşgabat diýmeklik — «köşk abat» diýmek.

Bagtyň ak şuglasy, ak Günüň nury,

Öňe barýan aýdyň geljege dogry.

Aşgabat diýmeklik — gözellik diýmek,

Baky rahatlyga gönezlik diýmek.

Bagtly ömür sürmegine ynsanlaň,

Ýazylýan ýeri bu — adyl Permanlaň.

Sport bilen özün dünýä belli eden,

Aşgabat — buýsanjy beýik milletiň.

Täsinlikler bilen süňňüni bezän,

On bir ýola rekordlary täzelän.

Siňip Arkadagyň yhlasy, mähri,

Mermer jaýlaň iň kän jemlenen şähri.

Bu eziz Watany ýürekden söýmek,

Arkadag diýmekdir — Aşgabat diýmek!

 

Aşgabat

 

S:ap mermerden, gözelligiň nusgasy —

Paýtagt şährim seniň topragyň suwlap.

Gazygyň kakandyr türkmen ussasy,

Ýüz kyrk ýyl öň, ak ýollary arzuwlap.

 

Saýlapsyň üýtgeşik ady, özüňe —

dünýäň aşyk bolmagyna ýanap sen.

Barýan wagtyň tutup ümzügiň öňe,

Şanly ýolda üç asyra şaýat sen.

 

Mynasyp bolşuň dek sarpa-sylaga,

Kötelli günlerem geçdi düýnüňde.

Döz gelmeli bolupdyň kyn synaga.

Müň dokuz ýüz kyrk sekiziň güýzünde.

 

Mertebäňe goşup şöhratdyr-şanlar,

Päk zähmetde hiç aýaman janyny.

Şahyrlar, alymlar, beýik ynsanlar,

Wasp edip beýgeltdi mähribanyny.

 

Barýaň bedew batly nazarlap Arşy,

Aýaklaryň çyzgap, gollaryň çermäp.

Dawa-jedellere durýarsyň garşy,

Heňňam ülkelerin daşyňa jemläp.

 

Gögi nazarlaýan belent tutumlar,

Neneň taryh gatlaryna girmesin.

Çünki adyň on bir ýola tutulýar,

Täsinlikler kitabynda Ginnesiň.

 

Bu gün Arkadagyň paýhasy bilen,

Dünýä şugla saçyp, daş ýarýar bagtyň.

Söýýäs seni Asman söýgüsi bilen,

140 ýaşyň gutly bolsun paýtagtym!

 

Maksatmyrat Atabalow.

  • 69
  • 29.04.2021