MAKALA

«Iň gowy harby orkestr» bäsleşigi geçirildi

Golaýada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy «Zemm owazy» hususy kärhanasy bilen bilelikde Gullugymyzyň ähli harby bölümleriniň harby orkestr toparlarynyň arasynda «Iň gowy harby orkestr» atly bäsleşigi geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşik örän täsirli boldy.

Gündelik türgenleşikler arkaly hünär başarnyklaryny kämilleşdirýän, şeýle-de serhet galalarynda gulluk saparlarynda bolup, hoş owazlary bilen Watan serhedimizi goraýan ýigitleriň armasyny ýetirýän harby orkestrleriň düzümindäki ýigitler bäsleşikde düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda başarnyklaryny görkezdiler. Biri-birinden täsirli çykyş eden toparlara emin agzalary adalatly baha berdiler. Netijede ýeňijiler yglan edilip, baş baýragyň hem-de birinji, ikinji, üçünji orunlara düşen harby orkestr toparlary kesgitlenildi. Ýeňijiler bäsleşigi yglan ediji taraplar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Hawa, harby aýdym-saz topary — goşunyň ruhy güýji. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň goşun görnüşleriniň harby aýdym-saz toparlary bagtyýarlygy, asudalygy, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrýarlar. Olaryň çalýan sazlary, ýerine ýetirýän aýdymlary döwletimizde döwranly döwürleriň dowamat dowamdygynyň waspçysy bolup ýaňlanýar. Munuň şeýledigi her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişlerde-de örboýuna galýar.

Goý, Ýer ýüzünde hemişe parahatçylygyň, dostlugyň aýdym-sazy ýaňlansyn!

Goý, harby aýdym-saz toparlarymyz hemişe bagtyýarlygy, asudalygy wasp edýän aýdymdyr sazlary ýerine ýetirsinler!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 43
  • 29.04.2021