MAKALA

Ýeňiji Londonda belli bolar

UEFA Çempionlar ligasynda ýarym finalyň oýunlaryna badalga berildi. Birinji duşuşyklaryň ilkinjisi Madridde oýnalyp, ýerli «Real» Angliýanyň «Çelsi» toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşygyň 14-nji minutynda myhmanlaryň amerikaly futbolçysy Kristian Pulişiç hasaby açdy. Ispanlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 15 minutdan soň, has takygy, 29-njy minutda Karim Benzema owadan urgy bilen hasaby deňledi. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.

* Bu duşuşyk «Real Madridiň» UEFA-nyň bu ýaryşyndaky 450-nji oýny hökmünde hasaba alyndy.

* Kristian Pulişiç bu ýaryşyň ýarym finalynda gol geçiren ilkinji amerikaly futbolçy boldy.

* Çempionlar ligasyndaky 71-nji goluny geçiren Karim Benzema bu ugurda Raul Gonzales bilen deňleşip, 4-nji orny paýlaşýar.

* Zidan Tuheliň garşysyna geçiren 5-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi.

* Jogap duşuşygy 5-nji maýda oýnalar.

zamanturkmenistan.com.tm

 

Çempionlar ligasy: «Mançester Siti» finala golaýlady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ikinji oýnunda Fransiýanyň «PSŽ» topary bilen Angliýanyň «Mançester Siti» toparlary duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Mançester Siti» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, garşydaş toparyň meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Mançester Siti» topary finala bir ädim golaýlady.

Mundan öňki duşuşykda Germaniýanyň «Bawariýa» toparyny ýeňmegi başaran «PSŽ» topary bu gezek büdredi. Duşuşygyň 15-nji minutynda Markinosyň goly bilen öňe geçen parižliler duşuşygyň ikinji ýarymynda derwezesine 2 gol geçirtdi.

«Mançester Siti» toparynyň düzüminde 64-nji minutda Kewin de Bruýne hem-de 71-nji minutda Riýad Marez tapawutlandy.

Jogap duşuşygy 4-nji maýda «Mançester Siti» toparynyň meýdançasynda geçiriler.

atavatan-turkmenistan.com

  • 28
  • 29.04.2021