MAKALA

Taryhy baý Daşrabat

Şöhratly geçmişimizde halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösmegine ýetiren täsiri, nesillere galdyran taryhy gymmatlyklary bu günki günde ylmy taýdan yzygiderli öwrenilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz bize döwlet muzeýlerinde wirtual muzeýleri döredip, sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmäge, şeýle-de, dünýä çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi.

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, türkmeniň baý taryhyny şöhlelendirýän medeni taryhy ýadygärlikleriň sanawynyň içinde Mary şäheriniň günbatar çetinde ýerleşýän Daňdanakan medeni taryhy ýadygärligi özüniň täsin gymmatlyklary bilen uly ähmiýete eýedir.

Daňdanakana öňler başgaça «Daşrabat» hem diýipdirler. «Daşrabat» sözi «Daşdaky şäher» diýmegi aňladypdyr. Daňdanakanyň Daşrabat ady şu günlerde hem ulanylýar.

2019-njy ýylyň ýazky hem güýzki möwsüminde Daňdanakan medeni-taryhy ýadygärliginde Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Şol gezekki gazuw-agtaryş işleri wagtynda halkymyzyň gadymy döwürdäki ýaşaýyş-durmuşyna degişli örän täsin taryhy gymmatlyklar tapyldy. Olaryň içinde bürünçden ýasalan täsin çyradanyň bolmagy şol döwürde gijelerine otagyň içine ýagtylyk berip işländiklerine şaýatlyk edýär. Ýadygärlikden tapylan gymmatlyklaryň arasynda bürünç asyryna degişli bürünçden ýasalan üç aýakly, üç bölümden ybarat gap hem bar. Alymlar ol gapda ot-çöpleri tüsseledip, ony otaglara ys bermekde ulanandyrlar diýip çaklaýarlar.

Daňdanakan taryhy-medeni ýadygärliginden gadymda ekerançylygyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýän zähmet gurallarynyň hem birnäçesi tapyldy. Aýratyn hem, täsin degirmeniň tapylmagy şol döwürde däneli ösümlikleriň, bugdaýyň köp ekilendigi barasynda gymmatly maglumaty berýär. Bu degirmeniň beýleki degirmenlerden tapawutly ýeri onuň bugdaý döwülýän iki daşynyň arasy gapyrga-gapyrga görnüşinde böleklenipdir. Bu degirmen Murgabyň aşak akymynda ýerleşen Daňdanakan topragynda derýanyň mele suwuna örän köp ekin ekilendigini, ekerançylyk meýdanlarynyň bol hasyl berendigini çaklamaga esas berýär.

Daňdanakandan tapylan taryhy gymmatlyklar öz döwründe onuň örän uly şäher bolandygyna, ol ýerde senetçiligiň, küýzegärligiň, hatda tebipçiligiň hem ösen derejede bolandygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, tebipleriň ulanan abzallaryndan çemçeleriň, däri-dermanlary süzmek üçin süzgüçjigiň tapylmagy şol döwürlerde eýýäm adamlaryň saglygyny berkitmäge uly üns berlendigini aýtmaga mümkinçilik döredýär.

Orta asyrlarda ösen şäher bolan Daşrabat söwda kerwenleriniň üstünden geçýän hem kän düşleýän ýeri bolupdyr. Kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşmegi onuň goňşy halklar bilen dostlukly hyzmatdaşlygyny berkidipdir. Bu baradaky taryhy maglumatlar geçmişimize aýdyň göz ýetirmegimizde bize uly gollanma bolýar.

Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýerlerden tapylýan gymmatlyklar bu günki günde Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynyň baýlygydyr. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, muzeýimiziň baýlyklary bilen gyzyklanýanlara olar baradaky täsirli maglumatlary ýetirmäge çalyşýarlar, wirtual muzeýleriň sergilerini gurap, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler.

Halkymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge mümkinçilikleriň gapysyny açýan Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Töre Nobatow,

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

«Watan» gazeti.

  • 23
  • 29.04.2021