MAKALA

Kuwwaty 1300 at güýjünden ýokary

BMW kompanýasy nusgalyk görnüşdäki «iM2» kysymly elektrik ulagyny işläp taýýarlaýar. Bu ulag «Kupe Project Katharina» ady bilen işlenip düzülýär. Tehniki aýratynlyklary babatda örän kuwwatly bolan ulagda jemi 1341 at güýjüni berýän dört sany elektrik hereketlendirijisi oturdylar. Bu örän ýokary güýç bolup, ol modeliň 0-dan 100 km/sagat tizlige ýetmegi üçin 2,5 sekunt ýeterlik. Bu ulagyň çäkli mukdarda öndüriljekdigi bellenilýär. Gabarasy uglerod süýümden ýasaljak ulag güýçli elektrik geçirijä eýe bolar.

zamanturkmenistan.com.tm

  • 29
  • 29.04.2021