MAKALA

Bilim-terbiýe — üstünlikleriň açary

«Ýylyň mugallymy — 2021»

Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan eden «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşdy.

Iki gün dowam eden bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan mugallymlar özlerine nätanyş synpda hünär ugurlary boýunça görelde sapagyny, şeýle-de synp sagadyny geçdiler. Tejribeli mugallymlar tarapyndan dürli temalar boýunça guralan sapaklar biri-birinden täsirli bolup, olaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Okuwçylar synp sagatlarynda tema degişli goşgulardyr aýdymlardan bölekleri, nakyllary aýdyp berdiler. Bu bolsa synp sagadynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Bäsleşige gatnaşan mugallymlaryň hünär ussatlyklary seljerilip, ýeňiji yglan edildi. Netijede, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Gurbannazar Ezizow adyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Natalýa Saparowa «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň baş baýragyna — Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatyna we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldy.

«Ýylyň terbiýeçisi — 2021»

Paýtagtymyzdaky 99-njy çagalar bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçileriň arasynda geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň hem jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa terbiýeçileriň altysy gatnaşdy.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler eminleri guran görelde sapaklarynyň ikisiniň ýazgysy, sapakda ulanýan okuw-görkezme esbaplarynyň görnüşleri, geçiren terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysy bilen tanyşdyrdylar. Olar öz ugurlary boýunça okuw kitaplaryna, gollanmalara, iş depderlerine, okuw maksatnamasyna ýazan synlaryny, tekliplerini, usuly gollanmalaryny, metbugatda, teleýaýlymlarda, usuly-amaly, ylmy maslahatlarda eden çykyşlarynyň nusgalaryny, körpelere berýän bilim-terbiýesiniň, endikleriniň netijeliligini subut edýän ýazgylary, tassyknamalary eminler toparynyň garamagyna hödürlediler.

Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz iş usullary, dürli temalarda geçiren terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, işjeň, öwreniş usulynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barada çykyş etdiler, eminleriň sowallaryna jogap berdiler.

Eminler sapak guraýyşlaryna, çagalar bilen mylaýym aragatnaşyk saklaýyşlaryna, olaryň syýasy we usuly taýýarlyklaryna, bäsleşigi geçirmegiň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyklykda, terbiýeçilere baha berdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragyna — «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» adyna Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gunça Bäşimowa mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatydyr gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

 

Şamyrat Muhammetgurbanow.

«Türkmenistan».

  • 29
  • 04.05.2021