MAKALA

Arzuwly ýer

Gelermize garaşyp dur sabyrsyz,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

Bagt ugrunda yhlas etdi abyrsyz,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

 

Juwan çagymyza höwrügip gitdi,

Yşgy-söýgimize ýugrulyp gitdi,

Gelim-gidim ýere öwrülip gitdi,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

 

Şeýledigne bakman birek-birekden,

Daşda galdy söýýän ýürek ýürekden,

Başlanýardy uzyn boýly derekden,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

 

Onuň saýasynda gündizmi-agşam,

Duşuşardyk, dynman ýagardy ýagşam,

Söýgüli günlerde etjekdi bagşam,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

 

Wysala ýetirmän uzaga saldy,

Bagtymyzy näme duzaga saldy?

Hem süýji, hem ajy ýatlama boldy,

Ikimiziň arzuw edýän ýerimiz.

 

Gözýaşym

 

Eger ynjasa ýakynym,

Sil bolup aksyn gözýaşym.

Peseltmesizden akymyn,

Nil bolup aksyn gözýaşym.

 

Dünýe bizden öň görülen,

Bardyr oňady, göribem,

Haýyr işlere gönügen,

Päl bolup aksyn gözýaşym.

 

Hoş hyýallar gelsin sere,

Ýürek joşmaz ýöne ýere,

Azatlyk söýýän illere,

Hal bolup aksyn gözýaşym.

 

Many aňlatmasa gözler,

Dile gelmelidir sözler,

Düşlär ýaly guba-gazlar,

Köl bolup aksyn gözýaşym.

 

Gyýylyp kesämden gören,

Öýtmesin aglaýyp ýören,

Zemine nem berip duran,

Öl bolup aksyn gözýaşym.

 

Goşgy

 

Namys asta galmaz ýaly,

Goşgy ar üçin dogulýar.

Okan ejizlemez ýaly,

Goşgy zor üçin dogulýar.

 

Parhy ýok ogulmy, gyzmy,

Goşgy diýlen perzent kysmy.

Okyjyň dünýäsi gyşmy?

Goşgy gor üçin dogulýar.

 

Köp manyly, gysga sözli,

Ony kän şahyrlar düzdi.

Üşügi pes, görer gözli,

Goşgy kör üçin dogulýar.

 

Hak aşyga aýdym bolar,

Gözellere öýdüm bolar.

Gaşlary ýaý, ýüzi güler,

Goşgy ýar üçin dogulýar.

 

Zehin berilmese Hakdan,

Bolmagyn goşgy ýazjakdan.

Kän zat bolar ýaly ýokdan,

Goşgy bar üçin dogulýar.

 

Myratgeldi Hallyýew,

«Maru-şahu jahan» gazeti.

  • 22
  • 04.05.2021