MAKALA

Çeper okaýyş agşamlary guraldy

Ýakynda Gullugymyzyň harby bölümlerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň eserler ýygyndylaryndan, hususan-da, «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplaryndan çeper okaýyş agşamlary geçirildi. Ähli harby bölümlerde guralan bu çärede höwesjeňler eserlerden bölekleri okadylar. Olaryň many-mazmuny barada öz pikir-garaýyşlaryny aýan etdiler, sowal-jogap alyşdylar, şeýle hem dörediji Liderimiziň ylmy-çeper eserleriniň harby gullukçylary milli we watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbini açyp görkezmedäki ähmiýeti, galyberse-de, geljekki nesiller üçin şu gün barada habar berýän bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy hakda täsirli pikirler orta atyldy.

Elbetde, şeýle çeper okaýyşlaryň dowamly guralyp durulmagy harby gullukçylaryň dünýägaraýşynyň giňemeginde, aň-düşünjesiniň ösmeginde, milliligimizi, geçmiş-taryhymyzy öwrenmeginde, şu günümiziň — eşretli zamanamyzyň gadyr-gymmatyna düşünmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 23
  • 04.05.2021