MAKALA

Futbol täzelikleri

«Serie A»-da bu möwsüm «Ýuwentus» çempion däl

9 ýyldan soň çempion täzelendi

Italiýanyň çempionaty «Serie A-da» möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda «Inter» çempionlygyny yglan etdi. Nerazzuriler 34-nji tapgyrda myhmançylykda autsaýder «Krotoneni» Eriksen we Hakiminiň gollary bilen 2-0 ýeňdi. Bu ýeňişden soň «Inter» utugyny 82-ä çykardy. «Inter» topary düýnki oýnalan «Sassuolo» – Atalanta duşuşygynyň deňme-deň oýnamagyndan soň, çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, Italiýada 9 ýyldan soň çempion üýtgäp, «Inter» topary taryhyndaky 19-njy «Serie A» çempionlygyny baýram etdi. «Inter» soňky gezek 2009/10 möwsüminde Žoze Mourinionyň tälimçiliginde çempion bolupdy. Milan şäheriniň gök reňklileri ezeli bäsdeşi «Milan» toparyndan 1 çempionlyk öňe saýlanyp, 2-nji orna geçdi.

Çempionatda 2-3-4-nji ýerler ugrunda «Atalanta», «Ýuwentus», «Milan», «Napoli» toparlarynyň arasynda ýiti göreş dowam edýär. Şeýle-de «Krotone» aşaky liga düşen ilkinji topar boldy.

Azmunyň het-trigi we «Zenitiň» 7-nji çempionlygy

Russiýanyň çempionaty «Premýer-ligada» Sankt-Peterburg şäheriniň wekili «Zenit» nobatdaky çempionlygyny gazandy. 28-nji tapgyrda 2-nji hatarda barýan «Lokomotiw» toparyndan uly hasap bilen 6-1 hasabynda üstün çykan Sergeý Semagyň şägirtleri bassyr 3-nji, umumylykda 7-nji gezek çempion diýen ady eýeledi. Duşuşykda «Zenitiň» gollarynyň 3-sini Serdar Azmun, 2-sini Artem Dzýuba, beýlekisini-de Malkom öz adyna ýazdyrdy.

28-nji tapgyrda «Rostowdan» 2-0 asgyn gelen «Tambow» indiki möwsümi aşaky ligada geçirer.

 

zamanturkmenistan.com.tm

  • 22
  • 04.05.2021