MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleri we kerwensaraýlary

Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň ähli şäherleri söwda kerwen ýollary arkaly birleşip, halkara söwda ýollaryna goşulypdyr. Söwda kerwen ýollarynyň geçýän ýerleriniň geografik häsiýetine, tebigy şertlerine görä, kerwenleriň düşläp geçýän ýerlerinde oňat abzallaşdyrylan kerwensaraýlar gurlupdyr. Aýratyn hem, kerwen ýollarynyň suwsuz, ilatsyz çöllük ýerlerinden geçýän ugurlarynda guýular gazylyp, kaklar, sardobalar, daşy berkidilen kerwensaraýlar, rabatlar gurlupdyr. Taryhçy alymlaryň aglabasy rabatlary kerwensaraýlar diýip düşündirýärler. Ýöne Baýhaky, Rawendi, Nişapury, Kazwini, Makdisi ýaly orta asyr ýazarlary uly görnüşli rabatlary kiçi galalar — düşelgeler hökmünde suratlandyrypdyrlar.

Garagum sährasynyň üstünden geçýän kerwen ýollarynyň ugrunda kerwenlere ýol görkezmek üçin ýörite yşarat diňleri gurlupdyr. Şol döwürde Akja gala, Al-Esger, Daýahatyn kerwensaraýlarynyň özboluşly aýratynlyklary bolupdyr. Ol kerwensaraýlarda ýol söküp gelen söwdagärleriň we olaryň ýük mallarynyň oňat dynç almaklary, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa şol döwürdäki kerwensaraýlaryň juda uly meşhurlyga eýe bolmagyna getiripdir.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän iki kitapdan ybarat bolan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde hem orta asyrlarda bu döwletiň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherlerdir kerwensaraýlar barada gymmatly maglumatlar berilýär.

Bu döwletiň gülläp ösen döwründe esasy söwda kerwen ýolunyň ugrundaky şäherleriň biri Merw şäheridir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji jildiniň ikinji bölümi Gadymy Merw diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde şeýle sözler bar: «Günbatarda irki zamanlarda «Ähli ýollar Rime eltýärler» diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly, orta asyr Gündogarynda hem «Ähli ýollar Merwe eltýärler» diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl».

Merw — Horasan şäherleriniň enesi, imperiýanyň paýtagt şäherleriniň biri hasaplanyp, onuň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaýy Ortaýer deňziniň gündogar kenarýakasyndaky söwda şäherleri bilen birleşdirýän esasy ugry geçipdir. Merwden ikinji ýol günorta tarapa — Hyradyň, Seýistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, üçünji ýol günbatara — Abywerd, Nusaý hem-de Gekotombilden soň Nişapura gelip, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahasyna goşulypdyr. Merwden gaýdýan söwda ýollarynyň demirgazyk şahasy Hormuzafarra şäherçesiniň üsti bilen, Garagum sährasynyň içinden geçip, Tahyryýa rabatynyň ýanynda Amyderýa çykyp, ol ýerde Ürgenç-Amul ýoluna goşulypdyr. Şol sebäplide, Merw Beýik Seljuk türkmen döwletiniň içerki we daşarky söwdasynda uly rol oýnapdyr.

Orta asyrlaryň belli taryhçysy Istahri Merwde we onuň töwereklerinde öndürilýän uşturgaz, çig ýüpek, iň ýumşak pagta we ondan dokalýan matalar barada, Makdisi ýüpekden we pagtadan dokalýan matalar, künji ýagy, sygyr süýdünden alynýan peýnir, gawun barada ýazypdyrlar. «Hudud al-Alem» eserinde Merwden başga ýurtlara äkidilýän uşturgaz, felýate (goýun süýdünden bişirilýän süýji köke), üzüm sirkesi, abkame (turşy içgi), «kazin» we «mulham» ýüpek matalary ýatlanýar.

Merwiň daşary ýurtlara satuwa çykarýan önümleriniň biri gawundyr. Ony hem ter görnüşinde, hem ownuk böleklere bölüp, Günüň şöhlesinde kak edip, başga ýurtlara äkidipdirler. Bagdatda gawunyň bahasy 700 dirheme ýetipdir. Gawuny oňat saklamak üçin şäherlerde ýöriteleşdirilen ammarlar — gawun öýleri gurlupdyr. Şeýle ammarlaryň biri Seljuklar döwrüniň Merwi Soltangalanyň demirgazyk böleginde açylyp, onuň uzynlygy 45,5 metre, ini 7,5 metre, pahsa diwarlarynyň galyňlygy bolsa 2 metre barabar bolupdyr. XIXII asyrlara degişli gawun öýleri, esasan, Köne Termezde we Horezmde köp duş gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu meşhur şäher barada şeýle bellenilýär: «Orta asyr sene ýazgylarynda şäher «Horasanyň ähli şäherleriniň enesi» we «Dünýäniň daýanjy bolan şäher» diýlip hem häsiýetlendirilipdir. Ýer ýüzünde şular ýaly tarypa eýe bolup biljek gadymy mekanlary köp tapyp hem bolmaz. Merw gülläp ösen döwürlerinde bolsa, Orta Aziýada deňsiz-taýsyz megapolis — iri şäher bolupdyr. Iň bärkisi, Samarkant hem-de Buhara, Warahşa hem-de Penjikent ýaly şöhraty ýetik şäherlerem onuň ýanynda ýönekeýje bir şäherdi. Merwiň guwanjy diňe bir bazarlary däldi. Dürli döwürlerde hökümdarlar tarapyndan bu ýerde altyn, kümüş hem-de mis şaýlyklar zikgelenipdir. Uzak asyrlaryň dowamynda Merw Orta Aziýada iň belli metal işleýän merkezleriň bir bolupdyr».

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew we Amanmyrat Jumaýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymlary.

«Biznes» gazeti.

  • 19
  • 04.05.2021