MAKALA

«Kia Sportage» tanyşdyrylar

Günorta Koreýanyň «The Korean Car Blog» neşirine görä, köpden bäri garaşylýan «Kia Sportage» ulagynyň täze nesli iýun aýynda peýda bolar. Ilkinji resmi suratlar we deslapky sargyt iýun aýynyň ilkinji hepdelerinde garaşylýar. Täze «Sportage-iň» «Hyundai» bilen 3-nji nesil platformasy ýaly maglumatlary paýlaşmagyna garaşylýar. «Tucson» aýratyn displeýli has adaty bolsa-da, täze «Sportage-iň» içki böleginde sanly gurallar topary we maglumat birligi ekrany bolar. Egri panoramiki displeýiň dizaýny, ýaňy-ýakynda çykan «Kia K8-iňki» ýaly bolar. «Kia Sportage» her bazar üçin tapawutly hereketlendiriji bilen satuwa çykarylar.

 

zamanturkmenistan.com.tm

  • 16
  • 04.05.2021