MAKALA

Meşhur türgenleriň durmuşyndan

Ikiniň agzy bir bolsa...

 

Meşhur basketbol «ýyldyzy» Maýkl Jordan oýunlaryň biriniň dowamynda toparyna 69 utuk getirmegi başarypdyr. Onuň topardaşy  «Bulls» toparynyň goragçysy Steýsi King bolsa diňe bir utuk gazanmagy başarypdyr.

Oýundan soň ony ýaňsylasy gelýänligi duýulýan habarçy Maýkl Jordanyň 69, Steýsi Kingiň bolsa 1 utuk gazananlygyny belläp, goragçydan bu ýagdaýy açyklap bermegini sorapdyr.

Steýsi King bir jümle bilen jogap beripdir:

— Jordan ikimiz bilelikde, agzybir bolup 70 utuk topladyk...

 

 

Usaýn Boltuň üstünligi

 

Usaýn Bolt 3 Olimpiada-da  9 sany altyn medal (estafetada bile  çykyş eden ýoldaşlarynyň biri doping ulanandygy üçin 1 altyn medal yzyna alyndy) gazanypdy. Munuň üçin ol ylgaw ýodasynda jemi 2 minutdan hem az ylgamaly bolupdyr. Ine, bu güýjüňi tygşytlamak bolýar.

Ol özüniň tutuş Olim­piada karýerasynda jemi 115 sekunt töweregi ylgan hem bolsa, munuň getiren girdejisi 119 million dollar bolupdyr. Onuň ylgaw ýodasynda geçiren her sekundyna 1 million dollardan hem köp düşýär. Muny pul üçin «ylgamagyň» täze ölçeg birligi edip bolardy – sekuntda bir million dollarlyk tizlik (1 dollar mln/sek).

Usaýn Bolt şol 2 minut wagt üçin 15 ýyldan hem köprak türgenleşmeli bo­lupdyr. Ine, bu inwestisiýa bolyar.

Ezber futbolçynyň üstünliginiň gözbaşy

 

Kriştianu Ronaldu bir gezek şeýle gürrüň beripdir: «Ýeten üstünligimiň sakasynda köne dostum Albert Fantrau dur. Munuň üçin men oňa minnetdar. Biz onuň bilen ýaşlar klubynda oýnaýardyk. «Sportingden» adamlar gelip, Albert ikimize haýsymyz köp gol geçirsek, şony öz klublaryna aljakdyklaryny aýtdylar. Biz 3:0 hasabynda utduk. Ilki men ýekme-ýek çykyp, gol geçirdim. Soňra Albert kellesi bilen urup, gol saldy. 3-nji gol hemmeleri geň galdyrdy. Albert derwezeban bilen ýekme-ýek çykdy, men gapdaldan ylgap barýardym. Aldaw hereketinden soň, topy boş derwezä tigirläýmeli bolsa-da, ol pökgini maňa oklady, menem ony goragsyz galan derwezä gönükdirdim. Şeýdip, meni «Sportinge» aldylar.

Oýundan soň men onuň ýanyna baryp: «Näme üçin beýtdiň?» diýip soradym. Ol: «Kriştianu, sen menden has ökde!» diýdi-de gitdi».

Sport ýaýlymlaryndan bi­riniň habarçylary şol Albertin öýüne baryp, aýdylýan gürrüňleriň dogrudygyny-däldigini sorapdyrlar. Ol munuň hakykatdygyny tassyklapdyr. Albert özüniň futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlandygyny, häzir işsizdigini hem aýdypdyr.

Habarçy: «Onda bu kaşaň jaýyň, ajaýyp ulagyň, gol doly bagtyýar maşgalanyň üpjünliginiň gözbaşy nirede?» diýip sorapdyr. Ol buýsanç bilen: «Bularyň barynyň gözbaşy Kriştianu!» diýip jogap beripdir.

Terjime eden

Orazmyrat MYRADOW.

  • 134
  • 04.01.2019