MAKALA

Iň köp tomaşa edilen çempionat

Halkara assosiasiýalaryň futbol federasiýasy (FIFA) geçen ýyl Russiýada geçirilen Dünýä Kubogyna ýaýlymlar arkaly tomaşa edenleriň hasabatyny mälim etdi. Çempionatyň ähli oýunlaryna tomaşa edenleriň sany 3,572 milliard bolup, bu görkeziji rekorda deňdir. Ýer şarynyň ýaşaýjylarynyň ýaryndan gowragy – 3,262 milliard ynsan (4 ýaş we ondan ulular) telewizorlar arkaly çempionata 1 minutlyk hem bolsa tomaşa edipdirler. Şolaryň 309,7 milliony yzygiderlilikde köpçülik ýerlerinde sanly platformalar arkaly oýunlary synlapdyr. Çempionatyň finalyna tutuş dünýäde 1,12 milliard adam göni ýaýlymda tomaşa edipdir. Olaryň 884 million 37 müňi öýlerindäki telewizorlarda, galan 231 million 82 müňüsi bolsa, sanly platformalar arkaly synlapdyr. Çempionatda oýnalan 64 duşuşygyň her birine göni ýaýlymda ortaça alnanda, 191 million adam tomaşa edipdir.

Dünýä Kubogynda iň köp tomaşa edilen oýunlar:

            Fransiýa – Horwatiýa (final) – 516,6 million janköýer

Horwatiýa – Angliýa (ýarym final) – 327,5 mln.

Fransiýa – Belgiýa (ýarym final) – 314,6 mln.

Ispaniýa – Russiýa (1/8 final) – 306,4 mln.

Fransiýa – Argentina (1/8 final) – 301,8 mln.

 

Internet maglumaty esasynda taýýarlanylan.

  • 128
  • 07.01.2019