MAKALA

Golf ruhubelentligiň we saglygyň çeşmesi

Däp bolşy ýaly, golf barjamlylaryň oýny hasaplansa-da, hakykatda ol ähli raýatlaryň hem oýnudyr. Sebäbi ol özünde sport türgenleşiklerini, ýeňşi, rahatlygy saklaýar. Elbetde, ilkinji nobatda onuň oýun enjamlaryny edinmek biraz gymmadrak düşse-de, saglyk üçin onuň belli bahasy ýokdur. Ol sport önümleri 20-30 ýyllap hyzmat edýär. Köplenç golf 100 gektar çemesi bolan meýdanda, 18 sany çukurjykdan ybarat bolan ýapgytly ýerde oýnalýar.

Golf oýny bilen meşgullanmagyň 5 sebäbi

  1. Bil myşsalaryny berkitmek.

Yzygiderli türgenleşikler hereketiň sazlaşyklylygyny gazanmagy üpjün edýär, çeýeligi goldaýar hem-de aşaky myşsalar toplumyny işjeňleşdirýär:

— bil (oňurganyň töweregini);

— garyn myşsalaryny;

— buduň yz tarapyny;

— çatalba sebitini;

— garnyň gyşyk we kese myşsalaryny.

Golf taýajygy (swing) bilen urgy edilende bedeniň tas hemme myşsasy diýen ýaly herekete gelýär. Şonlukda fiziki ýüklenmeler agyr däl, ýadamaklyk hem ýuwaş-ýuwaşdan döreýär. Şol sebäpli ýürek myşsasy hem stres (dartgynlylygy, galagoplygy) alamatlaryny duýmaýar.

  1. Tebigatda dynç almak.

Türgenleşikleriň tämiz howada geçýändigi üçin bedende D witaminiň emele gelmesi artýar. Arkaňda ulanýan gerekli sport enjamlaryny göterip ýöremek daýanç-hereket agzalarynyň tonusyna oňyn täsir edýär. Bir tapgyrda oýna gatnaşýanlar 350 kkal çenli energiýa harçlaýarlar hem-de 6-8 km aralygy geçýärler. Pyýada ýöremek esasy talap bolup durýar. Bu oýun üçin awtoulagda gezelenç etmek о diýen ýaramly däl.

  1. Dostlaryň sanyny artdyrmak.

Golf oýnuny oýnamak diňe bir fiziki durky gowulandyrmak bilen çäklenmän, wagtyňy şadyýan we peýdaly geçirmegi hem üpjün edýär. Bu oýun işdeşleriň bilen topar tutup, tebigata çykyp, birek-biregi gowy tanamaga, erkin gürleşmäge müm- kinçilik berýär. Olary biri-birine has-da jebisleşdirýär. Dostana gatnaşyklara oňyn ýol açýar.

  1. Emosiýalara (joşgunlylyga) erk etmek.

Ýaşyl baýyryň üstünde ýeňiş gazanmak ýa-da ýeňilmek bolsa adaty durmuşdaky joşgunly ýokary galşy aňladýar. Bu sport bi­len meşgul bolmagyň netijesinde emosiýalary dolandyrmaklygy we oňa erk etmekligi, kynçylyklary ýeňip geçmegi gazanyp bolýar. Her urgyny seljermegiň netijesinde her ädimi yzarlamak we adamyň öňünden haýsydyr bir çaklama duýgusy oýanýar.

  1. Medeni gatnaşyklary gowulandyrmak.

Golf oýnunda däp-dessuryň saklanmagyna hem üns berilýär. Ol adamda dogruçyllyk, halallyk, ygtybarlylyk, jogapkärçilik, birek-birege kömek bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Adatça meýdanda emin bolmaýar, oýna gatnaşýanlar öz hereketlerini özi bahalandyrýarlar, öz-özüne jerime belleýärler. n bolmaýar, oýna gatnaşýanlar öz here- ketlerini özi bahalandyiýarlar, öz-özüne jerime belleýärler.

Bu oýnuň muşdaklary ony ömri uzaldyjy serişde hasaplaýarlar. Şeýle netijä Finlandiýanyň lukmanlary geldiler. Alymlar 5 ýylyň dowamynda 55 sany az hereketli erkek adamyň ýaşaýyş durmuşyna gözegçilik edipdirler. Tejribe döwründe barlagdan geçýänler hepde-de 2-3 gezek golf oýnuny oýnapdyrlar.

150 günden soň barlanýanlaryň fiziki görkezijilerini (gan basyş, güýç, çeýelik, çydamlylyk we beýl.) öwrenipdirler. Alnan maglumatlary golf oýnamadyk, ýöne az hereketli 55 sany adam bilen deňeşdirip görüpdirler.

Netijeler ygtybarly tapawutlanypdyr. Has takygy, tejribedäkilerde:

  • agram peselipdir;
  • ganda holesteriniň mukdary kada golaýlaşypdyr;
  • weloergometrde we ylgaw ýodajygynda çydamlylyk artypdyr;
  • biliň aýlawy inçelipdir.

Bularyň hemmesi arassa howada, tämiz meýdanda bolmak bilen gazanylypdyr. Adamlarda ruhubelentlik we ýaşaýşa höwes döräpdir.

Bellenenlerden başga-da bu oýun nerw dartgynlygyny aýryp, adamy rahatlandyrýar, hereketleri deňgyraňly ýagdaýa getirýär. Oýunda adam fiziki taýdan kän ýadamaýar we surnukmaýar. Şonuň üçin bu oýny ýaşy bir çene baranlar hem oýnap bilýär.

 

Jumadurdy SOPYÝEW,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

  • 156
  • 10.01.2019