MAKALA

Täze rekord

Kolin O’Bredi atly amerikaly türgen Antarktidany lyžada ýeke özi geçmegi başardy. 33 ýaşly O’Bredi muny başaran ilkinji ynsan hökmünde taryha girdi. 1500 kilometri lyžada geçmegi üçin oňa 54 gün gerek boldy. O’Brediniň aýtmagyna görä, ol soňky 130 kilometri 32 sagatda geçipdir. Onuň Antarktida syýahaty 3-nji noýabrda başlapdy. Aslynda Kolin bu menzile 49 ýaşyndaky britaniýaly Lýuis Radd bilen bilelikde çykypdy. Ýöne Antarktidany ýoldaşyndan öňürti tamamlap, dünýä rekordyny goýmagyň hötdesinden geldi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

  • 126
  • 11.01.2019