MAKALA

Ezber boksçy

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik WBA tarapyndan 2018-nji ýylyň iň ökde boksçusy diýlip yglan edildi. Bu barada WBA-nyň resmi saýty habar berýär. 31 ýaşyndaky boksçy geçen ýyl ilkinji agyr agram derejesinde (90 kilograma çenli) Mohammed Ali kubogyny gazanypdy.

Ol bu ýaryşyň çäklerinde ilki latwiýaly Mairis Briedisi, finalda-da russiýaly Murat Gassiýewi ýeňipdi. Usik geçen ýylyň noýabr aýynda britaniýaly Toni Bellewi hem nokaut bilen ýeňip, WBA-nyň çempionlyk guşagyny goramagy başarypdy.

 

Internet maglumaty esasynda taýýarlandy

  • 125
  • 12.01.2019