MAKALA

Sport daşy barada

Häzirki zaman sport daşlary XVIII asyrda döräpdir. Şol döwürlerde rus topçulary oky topa öz elleri bilen salypdyrlar, onuň üçin bolsa güýç-kuwwat hem-de taýýarlyk gerek bolupdyr. Netijede ajaýyp pikir teklip edilipdir: oka tutawaç ýasamaly we şeýdip eliň myşsalaryny türgenleşdirmeli. Şondan soňra okuň topa salynmagynyň tizligi birnäçe esse ýokarlanypdyr.

Sport daşynyň güni 1885-nji ýylyň 10-njy awgustynda bellenipdir. Şol gün hem ilkinji «Höwesjeň atletika kluby» döredilipdir.

Ginnesiň rekordlar kitabynda sportuň at gazanan ussady Sergeý Raçinskiý tarapyndan goýlan rekordlar bar:

16 kilogramlyk sport daşlarynyň ikisini 1 sagadyň içinde — 931 gezek galdyrmak;

16 kilogramlyk sport daşyny 1 sagadyň içinde bat alyp 1550 gezek götermek;

24 kilogramlyk sport daşyny elleriňi çalşyp 12 sagadyň dowamynda 5555 gezek galdyrmak.

Meşhur Walentin Dikul sirkiň sahnasynda agramy 80 kilograma barabar sport daşlary bilen žonglýorlyk edipdir.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, käbir sagatlarda hem daşlar ulanylýar. Dünýädäki iň uly Big-Ben sagady hersi bir ýarym tonna agramy bolan iki sany daşyň kömegi bilen herekete getirilipdir. Olar çuňlugy 53 metrlik guýuda asylgy durupdyrlar. 1912-nji ýylda bu äpet sagat elektrik herekete getiriji bilen üpjün edilipdir.

Tekemyrat AMANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

  • 144
  • 14.01.2019