MAKALA

Dakar rallisine badalga berildi

Dünýäniň iň esasy awtoralli ýaryşy hasaplanýan Dakar rallisine badalga berildi. 41-nji gezek geçirilýän bu ýaryş Peru döwletiniň çäklerinde guraldy. 7-nji ýanwarda başlan ralli 17-nji ýanwarda tamamlanar. Ozalkylardan üýtgeşiklikde, bu gezek Dakar rallisi diňe ýurduň çäginde geçirilýär. Şeýle waka Dakar rallisiniň taryhynda ilkinji gezek duş gelinýär. 2009-njy ýyldan bäri Günorta Amerika yklymyny özüne mesgen tutunan Dakar ralli ýaryşyna, bu ýyl 137 motosiklçi, 97 ýeňil awtoulag, 26 kwadrasiklçi, 41 sany ýük ulag sürüjiler hem-de UTV ulaglaryna erk edýänlerden 33 sürüji, jemi 334 türgen gatnaşýar. Peru döwletiniň paýtagtyndan başlap, ýene-de bu ýerde tamamlanjak ýaryş 10 tapgyrdan ybarat bolar. Sürüjiler 5 müň kilometrlik ýol geçerler. Şol aralygyň 70 göterimi arassa çägelik bolar.

Lima bilen Pisko şäherleriniň arasyndaky 247 kilometrlik 1-nji tapgyrynda ýeňil awtoulag görnüşinde «Toýota» toparynyň adyndan wekilçilik edýän katarly Nasser Al-Attiýa ýeňiş gazandy. Motosiklçileriň arasynda-da bellenilen pellehana ilkinji bolup, «Hondo» toparyndan ispaniýaly Žoan Barreda gelmegi başardy. Ýük ulaglary görnüşinde-de hemişekiler ýaly Russiýanyň «Kamaz» topary 1-nji tapgyryň ýeňijisi boldy. Eduard Nikolaýewiň topary «Iveco» toparynyň sürüjilerinden sähelçe tapawut bilen öňe saýlandy. Kwadrasiklçilerdenem «Yamaha» toparynyň çilili sürüjisi Nikolos Kawigliasso pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

  • 177
  • 15.01.2019